Mälim bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň dabaralara beslenip bellenip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu baýramçylygyň gerimi has-da giňden tutulýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde behişdi bedewlerimize bagyşlanan baýramçylyk dabaralary geçirilýär.

24-nji ap­rel­de – Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XIV mej­li­si ge­çi­ril­di.
Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň her ýyl ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­ýär we hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­na ga­ral­ýar. Bu mej­lis­ler öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze pi­kir­ler­dir bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar bi­len baý­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şeý­le­lik­de, fo­rum özü­ni at­şy­nas­la­ryň, ugur­daş hü­när­men­le­riň, alym-ip­po­log­la­ryň, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dür­li ýurt­lar­da­ky muş­dak­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek, tej­ri­be alyş­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça hök­mün­de gör­kez­di.
Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XIV mej­li­si­ne ga­bat­la­nyp ser­gi gu­ral­dy. On­da be­hiş­di be­dew­le­re ba­gyş­la­nan şe­kil­len­di­riş, ama­ly-ha­şam, ha­ly­çy­lyk, zer­gär­çi­lik sun­ga­ty­nyň eser­le­ri, fo­to­su­rat­lar gör­ke­zil­di. Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne bir­nä­çe me­se­le­ler, şol san­da as­so­sia­si­ýa­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri, oňa tä­ze ag­za­la­ry ka­bul et­mek, ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek we ony hal­ka­ra de­re­je­de giň­den wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, ne­ti­je­li iş­le­ri alyp ba­ran as­so­sia­si­ýa­nyň ag­za­la­ry­na «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Mun­dan baş­ga-da, de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.
Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de, at­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de, ola­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da gö­rel­de­li zäh­met çe­ken at­şy­nas­la­ra Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li, «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di. Bu us­sat at­şy­nas­la­ra go­ýul­ýan aý­ra­tyn hormat­dyr. Hal­ky­my­zyň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan, çy­dam­ly­lyk­da, ýyn­dam­lyk­da, we­pa­ly­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ahal­te­ke at­la­ry­nyň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ahal­te­ke at­la­ry­my­zyň owa­dan­ly­gy­ny, gör­ka­na­ly­gy­ny dün­ýä ýaý­ýar. Ahal­te­ke at­la­ry­nyň ha­ky­ky muş­da­gy bo­lan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ata Wa­ta­ny­myz­da aras­sa gan­ly ahal­te­ke at­la­ry­nyň sa­ny­ny kö­pelt­mek, ab­ra­ýy­ny ja­ha­na ýaý­mak ug­run­da uly iş­ler ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän be­dew­le­riň gö­zel­lik bäs­le­şi­gi at­çy­ly­gyň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, hal­ky­my­zyň buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke at­la­ry­nyň ab­ra­ýy­nyň bü­tin dün­ýä­de be­len­de gal­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Ahal­te­ke be­de­wi örän duý­gur bo­lup, edil adam ýa­ly syz­ýar, yn­san ki­min dos­tu­ny-duş­ma­ny­ny ta­na­ýar. Yn­san bi­len gö­wün­deş gop­ýan ahal­te­ke be­de­wi­niň yk­ba­ly hä­zir­ki wagt­da has-da Ar­şa gal­dy. Ýur­du­myz­da ahal­te­ke at­la­ry­nyň ga­dyr-gym­ma­ty­ny, şöh­ra­ty­ny has-da ýo­ka­ry gö­ter­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Türk­men hal­ky hä­zir­ki Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li mu­kad­des­lik­ler my­na­sy­bet­li toý tut­ýar. Ýur­du­myz­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my hem döw­let de­re­je­sin­de uly tu­tum bi­len toý­lan­ýar. Hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da aýap, go­rap, kä­mil­leş­di­rip, şan-şöh­ra­ta bes­läp ge­len be­dew­le­ri­niň to­ýu­ny toý­la­ýar. Türk­men top­ra­gyn­da bu baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li at çap­dy­ry­lyp, al­tyn ga­bak at­dy­ryl­ýar. Be­dew­ler uly ýa­ryş­la­ra goý­be­ri­lip, se­ýis­le­re, ça­pyk­su­war­la­ra gymmatly baý­rak­lar gow­şu­ryl­ýar.
Goý, ata Wa­ta­ny­my­zyň be­dew ba­dy hiç ha­çan gow­şa­ma­syn, ýur­du­my­zyň üm­zü­gi di­ňe öňe bo­lup, toý­la­ry he­mi­şe to­ýa ulaş­syn. Il-hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy, ýur­du­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun.

Ba­ba­my­rat Ser­da­row,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.