Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka ba­za­ryn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän ýur­du­myz­da äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de giň ta­gal­la­lar edil­ýär. Dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň gor­la­ry bo­ýun­ça öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän ýur­du­myz­da ne­bi­tiň we ga­zyň ön­dü­ril­me­gi, da­şal­ma­gy we gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi, gaý­ta­dan di­kel­dip bol­ýan ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mek we ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de dur­nuk­ly ös­dür­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­lar 24-25-nji ap­rel­de Ýew­ro­pa­nyň mer­ke­zi bo­lan Fran­si­ýanyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­en hal­ka­ra ener­ge­ti­ka göç­me fo­ru­my­nyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy ugur­la­ry­ny düz­di. Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ba­bat­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň bi­ri hem hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­dyr. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyn­da bu pu­da­ga da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek wa­jyp bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin her ýyl dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka top­lu­my­na da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­rum­la­ry ge­çi­ril­ýär.
Mun­dan ozal, BAE-de, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, şeý­le hem beý­le­ki bir­nä­çe döw­let­ler­de şeý­le mö­hüm fo­rum­lar ge­çi­ril­di. Bu fo­rum­la­ryň no­bat­da­ky­sy Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­di. Ýew­ro­pa­nyň ma­ýa­dar­la­ry­nyň has köp ün­sü­ni çek­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len bu fo­ru­ma 31 döw­let­den köp san­ly we­ki­li­ýet gat­naş­dy.
Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, pu­da­ga iri möç­ber­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Bu bol­sa geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan, gaý­ta­dan iş­le­nil­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hi­li­ni, bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi­ni ga­zan­mak, önüm­çi­li­ge yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny, hä­zir­ki za­ma­nyň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri öz­leş­di­ri­len­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da bel­len­ýär.
Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­niň ýe­ne-de bir bö­lü­mi­ni dün­ýä­dä­ki iň uly gu­ry ýer gaz kä­ni bo­lan «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni tap­gyr­la­ýyn öz­leş­dir­mek hem-de Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy düz­di. TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, fo­rum­da edi­len çy­kyş­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň bu tas­la­ma­da öz üs­tü­ne dü­şen bö­le­gi üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy­gy, Ow­ga­nys­tan­da tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ge­çi­ril­ýän ug­run­da ýer bö­lek­le­ri­niň bö­lü­nip be­ril­me­gi ba­bat­da mö­hüm yla­la­şyk­la­ryň ga­za­ny­lan­dy­gy, Pa­kis­ta­nyň hem bu tas­la­ma hal­ka­ra ma­ýa­dar­la­ry­ny çek­mek mak­sa­dy bi­len, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny go­ra­mak ka­nun­çy­ly­gy­na TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si tas­la­ma­sy­ny hem goş­mak is­le­ýän­di­gi be­ýan edil­di.
Hä­zir­ki wagt­da bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň tap­gyr­la­ýyn öz­leş­di­ril­me­gi ug­run­da da­şa­ry ýurt­ly ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ne­ti­je­li gep­le­şik­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy mä­lim edil­di.
Bu iri tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni kuw­wat­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da türk­men «ma­wy ýan­gy­jy­nyň» da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na yg­ty­bar­ly ibe­ril­me­gi­ne uly go­şant go­şar.
Fo­ru­myň işi­ne Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gu­ra­ma­la­ry we mi­nistr­lik­le­ri gat­naş­dy­lar. «Türk­men­ne­bit», «Türk­men­gaz» döw­let kon­sern­le­ri, «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy, Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my, «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni, Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi, NA­PECO, TA­PI «Pi­pe­li­ne Com­pa­ny Li­mi­ted», «Türk­men­gaz» DK-nyň Yl­my-bar­lag te­bi­gy gaz ins­ti­tu­ty gel­jek­ki ma­ýa­dar­la­ra tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ba­ra­da yg­ty­bar­ly we gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di­ler.
Fo­ru­ma dün­ýä­niň ugur­daş kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­na­şyp, top­lan tej­ri­be­le­ri, tä­ze yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry, şol san­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ba­bat­da tä­ze­çil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Aý­ra­tyn-da, Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­ny, bio­ýan­gy­jy ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça sy­nag tas­la­ma­la­ry mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni çek­di.

Baý­ram NA­ZA­ROW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.