Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň ýurdumyz Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe, Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman–Katar we TRACECA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze ýokary tizlikli awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag binýadynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli doldurylýar, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary doly täzelenilýär, ýol hereketi howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary we beýlekiler giňden ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan iň iri ulag taslamalarynyň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa–Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna birikdirilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyklara ýük daşalmagyny çalt hem-de oňaýly nyrhlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän awtomobil ýoly peýda bolar we ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder.
Golaýda ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly bolan Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Resminamada awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi. Aşgabat–Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. 2021-nji ýylyň oktýabrynda bu ýokary tizlikli ýoluň 203 kilometrlik Aşgabat-Tejen bölegi ulanmaga berildi.
Umumy uzynlygy 600 kilometr boljak ýoluň 109 kilometrlik Tejen–Mary böleginiň gurluşygy bolsa «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň öz kärine ezber, gaýratly işçi-hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýoluň döwrebap derejesi, dünýä ýurtlarynyň degişli düzümleriniň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýändigi oňa gowşurylan halkara güwänamalaryň 5-si hem aýdyňlygy bilen subutnamadyr. Ýol gurluşykçylarymyz bu taslamanyň uzynlygy 288 kilometre deň Mary–Türkmenabat bölegini-de bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hil derejesinde gurarlar. Awtobanyň tutuşlygyna gurlup ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmaga, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge görnetin täsir eder. Paýtagtymyz Aşgabatdan başlanyp, Garagum sährasyndan ýurdumyzyň gündogar sebitine sary uzaýan bu döwrebap ýoluň gurulmagy halkymyz üçin hem, goňşy halklar we beýleki dostlukly ýurtlar üçin hem bähbitlidir.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat–Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda dünýäde ýük gatnawynyň 40 göterimine golaýynyň awtoulaglaryň paýyna düşmegi awtomobil ýollaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan döwletimiziň çäginde gurlan awtomobil ýollarynyň 5 müň kilometrden gowragy bolsa, ýurdumyzyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda esasy söwda gatnawlarynyň birine öwrüljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürlige, onuň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde gurlan çatrykdan badalga alýar. Bu döwrebap awtomobil ýolunyň ugrunda dynç almak hem-de awtoulaglara dürli hyzmatlary etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir.
Bagtyýarlyk döwründe bu iri ulag-ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň dowamat-dowamdygynyň, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleriniň aýdyň mysalydyr.
Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.