Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda edilýän giň gerimli taryhy özgertmeleriň şaýady bolduk. Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen–Mary bölegi ulanylmaga berildi. Bu buýsançly we guwançly waka döwletimiziň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň ulag ulgamyny ösdürmekde, üstaşyr ulag ýollaryny giňeltmekde uly orna eýedigini ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Eziz Diýarymyzda bir tarapdan ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar, beýleki bir tarapdan bolsa, halkymyza edilýän ýol-ulag hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ugrunda edilýän işleriň görnetin netijelerini täze gurulýan awtomobil ýollarynda hem-de täze awtobusdyr ýolagçy awtoulaglarynda görmek bolýar. Bu gün tutuş ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamyny halkara ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde döwrebap awtomenziller guruldy. Şonuň bilen birlikde, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär, ulag gulluklarynyň işine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Olar şäheriçi ugurlarda hem-de şäherara gatnawlarda giňden ulanylýar. Täze ulag ugurlary işlenilip taýýarlanylýar hem-de döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen–Mary böleginiň açylyş dabarasynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryny buýsandyran ajaýyp sowgat-serpaý hem ýapyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ilata edilýän awtoulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşigine täze awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy. Sowgat berlen täze ulaglar Ýaponiýanyň önümi bolan häzirkizaman ulaglaryň 170-si «Toyota Coaster» kysymly orta synply, 20-si bolsa «Toyota Hiase» kysymly kiçi synply awtobuslardyr. Ýolagçylar üçin oňaýly şertleri bolan awtobuslaryň birinjisi ýolagçylaryň 28-sini, ikinjisi bolsa, ýolagçylaryň 13-sini gatnatmaga niýetlenendir. Döwrebap awtobuslar ýolagçylary şäherara we şäherýaka ugurlarda gatnadylyp başladylar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň mart aýynda gadymy Lebap topragyna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň iri senagat düzümi – «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi. Bu şanly waka hem-de hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna Şa gadamynyň düşmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine häzirkizaman awtobuslarynyň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu döwrebap awtobuslar hem Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna sowgat edilen awtoulaglara meňzeş aýratynlykdadyr. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň welaýatlardaky önümçilik birleşikleriniň döwrebap awtomenzilleriniň işe girizileninden bäri geçen wagtyň dowamynda awtobuslaryň we taksi ulaglarynyň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar.
Ýadyňyzda bolsa, 2022-nji ýylyň sentýabrynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleri ilata hyzmat edip başlapdy. Täze ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilýändiginiň buýsançly nyşany boldy. Täze awtomenzilleriň gurulmagy we döwrebap ulag serişdeleriniň yzygiderli satyn alynmagy ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Kümüş ALLABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.