Ýurdumyz baý medeniýeti hem-de syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Tebigatyň baýlygy we köpdürlüligi, senetçiligiň asyrlarboýy dowam edip gelýän däpleri, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, türkmen milli tagamlary ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär we baýlaşdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek hem Türkmenistanyň daşary syýasatynda uly orun eýeleýär.
Garaşsyz döwletimiz Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy barha kämilleşdirýär.
Ýurdumyzda halkara syýahatçylyk ulgamynda hem uly üstünlikleri gazanmaga, bu ugurda dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Syýahatçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalary Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belende göterýär, halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar.
«Gadymy Merw», «Nusaý», «Köneürgenç» ýaly taryhy ýadygärlikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan–Garagum geçelgesi, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ýerler özüniň örän irki asyrlara degişli bolan gadymy ýadygärlikleri we täsin tebigaty bilen dünýä syýahatçylygynda giňden meşhurdyr. Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat şäheri, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäheri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Garagum sährasynyň hem-de Köýtendagyň tebigy täsinlikleri ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň geljeginiň uludygyna doly güwä geçýär.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösmeginde milli awiasiýa pudagyndaky ösüşleriň hem uly paýy bar. Häzirki milli awiasiýanyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde täze halkara gatnawlaryň açylmagynyň, ýerli gatnawlaryň ýygylygynyň artdyrylmagynyň syýahatçylyk pudagy üçin möhüm ähmiýeti bar.
Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, «Boeing» kompaniýasyndan täze uçarlar satyn alynýar. Şolaryň hasabyna täze gatnawlar amala aşyrylýar. Bu hem biziň ýurdumyza daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmegine şert döredýär.
Häzirki zaman uçarlarynda amala aşyrylan Aşgabat–Abu-Dabi, Aşgabat–Kuala-Lumpur, Aşgabat–Jidda ugurlary boýunça ilkinji halkara howa gatnawlaryny munuň aýdyň güwäsi hökmünde bellemek bolar. Täze gatnawlar daşary döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryndaky ornuny barha berkitmek bilen birlikde, syýahatçylygyň giňden ösdürilmegine-de ýardam edýär.
Syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan ýola goýlan döwrebap hyzmatlar watandaşlarymyzyň daşary ýurtlara çykmagyna, dünýä jahankeşdeleriniň bolsa güneşli Diýarymyza gelmegine oňaýly şertleri döredýär. «Gezmek – ömürden» diýýän halkymyz üçin bu gün dünýäni aýlanmaga, ýurt görmäge giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan paýtagtymyzdan Wýetnamyň Hoşimin, Italiýanyň Milan şäherlerine-de ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulmagy milli hem-de halkara syýahatçylygyň ösdürilmeginde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Aýşöhle ERKÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.