Suwuk naharlar syýahatçylyk gastronomiýasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, tagam sanawnamasynda esasy orny eýeleýär. Köpleriň gurak iýmitleri ýa-da tiz tagamlary halaýandygyna garamazdan, käbir adamlar ýeňiljek çorbalary iýmegi kem görenoklar. Esasan hem, agşamlyk naharynda «agyr» naharlary däl-de, gök önümlerden taýýarlanan suwuk naharlary iýmek saglyk üçin peýdaly hasaplanýar. Häzirki wagtda dünýäde etden, balykdan, däneli we gök önümlerden 250-den gowrak dürli görnüşli çorba taýýarlanylýar. Gazetimiziň şu sanynda syýahatçylar tarapyndan dadyp görülmegi maslahat berilýän çorba görnüşleri barada maglumat bermegi makul bildik.
Gazpaço, Ispaniýa. Çörekli çorba Andalus aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň biridir. Pomidor goýultmasyna burç, gök otlardyr ownuk dogralan hyýar goşulyp taýýarlanylýan gazpaço çorbasy sowuklygyna içilýär. Sowuk çorba süýüme we witaminlere baý bolup, Ispaniýada tomsuna iň köp iýilýän tagamlaryň birine öwrülýär. Çorbanyň bu görnüşine et goşulmaýar. Gazpaço taýýar bolandan soň üstüne gowrulan dörtburç çörek bölejikleri goýlup hödür edilýär. Islege görä bu tagama limon suwy, hoz, dilimlenen gawun, alma we üzüm hem goşulýar. Gazpaço ispanlaryň «gök önümli çaly» diýmek hem bolar.
Kaldu werde, Portugaliýa. Taýýarlamasy aňsat bolan bu çorba zeýtun ýagy, portugal şöhlaty (çorizo), sogan, sarymsak we kartoşka goşulýar. Kaldu werde çorbasyna salynýan kartoşka pürä öwrülýänçä gaýnadylýar. Portugaliýanyň milli tagamyna başgaça «ýaşyl çorba» hem diýilýär. Sebäbi çorba taýýar bolup barýarka üstüne inçejik kesilen ýaşyl kelem ýa-da kale goşulýar. Şöhlatly çorba Portugaliýa barýan syýahatçylaryň iň köp isleg bildirýän tagamlarynyň biridir.
Buýabes, Fransiýa. «Marsel balyk çorbasy» hem diýilýän bu tagam Fransiýanyň Ortaýer deňziniň kenarýakasynda ýaşaýan halka mahsusdyr. Ilkibaşda çorbanyň bu görnüşi balykçylaryň arasynda giňden ýaýrap, gündizine satylman galan balykdyr deňiz önümlerinden agşamlyk nahary hökmünde taýýarlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen balyk çorbasy köpçülige ýaýrap, fransuz aşhanasynyň meşhur naharlarynyň birine öwrülýär. Buýabes çorbasyny 1 kilogramdan gowrak deňiz balygynyň islendik görnüşinden taýýarlap bolýar. Bu çorba balykdan başga-da, pomidor, sogan, sarymsak, gök otlar, ys berijiler, limon şiresi hem goşulýar. Buýabes başga bir usulda taýýarlananda bu çorba deňiz balygy bilen bilelikde leňňeç, ustrisa, midiýa, mollýusk we böleklenen osminog hem goşulýar.
Menudo, Meksika. «Aşgazan çorbasy» hem diýlip atlandyrylýan bu tagam sygryň arassalanan garnyndan taýýarlanylýar. Menudo çorbasyna nohut, sogan we ys berijiler goşulýar. Meksikan medeniýetinde toý dabaralaryndan soň myhmanlara bir käse menudo çorbasy hödür edilýär. Bejeriş serişdesi hasaplanýan bu çorba birnäçe sagatlap gaýnadylýar. Menudo köplenç maşgala üçin däl-de, köpçülikleýin toý dabaralary üçin taýýarlanylýar. Çorbanyň bu görnüşi gök otlardyr bir dilim limon bilen bilelikde hödür edilýär.
Sygyr etli pho, Wýetnam. Sygyr etinden taýýarlanylýan bu çorba Tan neberesi döwründe Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýaşaýan taýpalar tarapyndan oýlanyp tapylýar. Häzirki wagtda Wýetnamyň meşhur tagamlarynyň biri hasaplanýan pho çorbasyna çylka sygyr eti, ýilikli süňk, turp, gyzyl çili ýagy, gök otlar goşulýar. Pho meňzeş çorba Hytaýyň Lançžou şäherinde, Taýwanda we Filippinlerde hem taýýarlanylýar. Pho çorbasy hoşboý ysly otlar we bir dilim limon bilen bilelikde hödür edilýär.
Borş, Ukraina. Gündogar Ýewropada we Demirgazyk Aziýada giňden ýaýran çorbanyň bu görnüşi gyzyl reňki bilen tanalýar. Borş gaýnadylan etiň üstüne kelem, şugundyr, şeýle hem gök önümler (sogan, käşir, kartoşka, pomidor, gök otlar) salnyp taýýarlanylýar. Bu çorbany islege görä diňe gök önümlerden hem taýýarlap bolýar. Şeýle hem käbir ýerde borş balykdyr gök önümler bilen bilelikde hem bişirilýär. Borş taýýar bolandan soň gaýmak, gaýnadylan ýumurtga we kartoşka püresi bilen bilelikde hödür edilýär. Süýjümtik çorba sowuk ýurtlaryň iň meşhur naharlarynyň biri hasaplanýar.
Soto aýam, Indoneziýa. Towuk etinden gaýnadylyp taýýarlanylýan bu tagama gaýnadylan ýumurtga, unaş we tüwi unundan öndürilen wermişel goşulýar. Bulardan başga-da, çorba sary imbiriň, kokos süýdüniň, gök otlaryň goşulmagy has-da tagamly edýär. Soto aýam Indoneziýadan başga-da, Singapurda we Malaýziýada meşhur bolup, ýerli naharhanalarda iň köp sargyt edilýän naharlaryň biri hasaplanýar.
«CNN Travel» syýahatçylyk saýtynyň ýazmagyna görä, iň meşhur çorbalaryň sanawynda bulardan başga-da, firik çorbasy (Demirgazyk Afrika), karides çorbasy (Peru), arahis çorbasy (Günbatar Afrika), gumbo (ABŞ), harira (Marokko), harço (Gruziýa), lançhou (Hytaý), mohinga (Mýanma), tom yum goong (Tailand), tonkotsu ramen (Ýaponiýa), ýaýla çorbasy (Türkiýe) bar.