Nigeriýaly Tunde Onakoýýa bilen amerikaly Şon Martines arakesmesiz 60 sagat küşt oýnap, dünýä rekordyny goýdular. Nýu-Ýorkuň Taýms meýdançasynda geçirilen duşuşykda küşt döwleriniň ählisinde Onakoýýa ýeňiş gazandy. Bu duşuşyk köp adamyň gyzyklanmasyna eýe boldy we grossmeýstrler 2 günden gowrak küşt oýnadylar. Bu duşuşyk «Chess in Slums Africa» haýyr-sahawat kampaniýasynyň çäklerinde pul serişdelerini ýygnamak maksady bilen geçirildi. Onakoýýa bu gaznany döredip, onuň serişdeleriniň hasabyna Afrikanyň käbir ýurtlarynda çagalaryň döwrebap bilim almagyna ýardam berýär. Ol bu duşuşygyň çäklerinde 1 million dollar ýygnamagy maksat edindi.
Duşuşygyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi üçin 58 sagat ýeterlikdi, ýöne küştçüler has köp serişde ýygnamak maksady bilen oýny uzak dowam etdirdiler. Mundan ozalky rekord norwegiýaly Hallwar Flatebe bilen Sýýur Ferkigstada degişli bolup, olar 56 sagat 9 minut 37 sekuntlap küşt oýnapdyrlar.
Agabek ANNAMURADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









