Ertekilerde, multfilmlerde ir säher bilen horazyň «gy-gy-gy-gyk» diýip gygyryp tutuş obany turuzýandygy barada okan ýa-da gören bolsaňyz gerek. Günüň dowamynda horazyň birnäçe gezek gygyrmagy tebigatyň kanuny ýaly bolup görünse-de, munuň aýratyn sebäpleri bar. Guşlar bilen gyzyklanýan hünärmenleriň bellemegine görä, horaz Gün doganda we günüň dowamynda 12-15 gezek gygyrýar.
Horazyň gygyrmagynyň sebäpleri:
Towuklaryň we daş-töweregindäkileriň ünsüni özüne çekmek üçin.
Howply ýagdaýy duýdurmak üçin.
Beýleki horazlara araçägi we eýeçiligi yglan etmek üçin.
Şatlykly ýagdaýy habar bermek üçin.
Janly-jandarlaryň köpüsinde gije-gündiziň aýlawyny yzarlaýan işjeňlik ritmi bar. Geçirilen barlaglara görä, horazlaryň biologik sagady ir bilen oýanyp, begenjini daş-töweregindäkilere habar bermegini üpjün edýär. Käbir alymlar gyzyl kekeçlileriň daň bilen gygyrmagyny gormon işjeňligi bilen hem düşündirýärler. Syn eden bolsaňyz bir horaz «aýdym aýtmaga başlanda» beýleki horazlar hem oňa goşulyşýarlar. Muny şeýleräk düşündirmek bolar: bir horaz gygyryp özüniň araçägi, eýeçiligi we ýagdaýy barada töweregine habar berýär. Eger-de çägine nätanyş horazdyr guşlar aýak bassa, kynçylyk çekjekdigini duýdurýar. Duýduryş berýän horaz sesini has uzakdaky horazlaryň hem eşitmegi üçin beýik ýere çykyp gygyrýar. Beýleki horazlar hem oňa jogap gaýtarýarlar. Gygyryşyp habarlaşmak zynjyr ýaly bolup, 2-20 töweregi horazyň arasynda bolup geçýär.
Horaz guşlar maşgalasynyň towuklar toparyna degişli bolup, owadan reňki, uzyn guýrugy we ullakan gyzyl kekeji bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda dünýäde öý towugynyň 60 töweregi görnüşi bolup, horazlar 15 ýyla çenli ýaşaýar. Jüýjelikden saýlanan horaz 5-6 aýlykda gygyryp başlaýar.