«Henley & Partners» maglumat beriş kompaniýasy Afrika ýurtlarynyň ykdysadyýeti bilen bagly hasabat taýýarlady. «New World Wealth» guramasy bilen bilelikde taýýarlanan maglumatda häzirki wagtda Afrikada maýa goýup boljak baýlygyň möçberiniň 2,5 trillion dollardygy bellenilýär. Ýaş ilatly we çalt depginde ösýän sebitiň maýa goýum babatda has köp mümkinçilik hödürleýändigi bellenilýär. Esasan, Namibiýa we Mawrikiý ýaly ýurtlaryň global maýadarlary çekmek üçin döredýän ýeňillikleriniň bu ýurtlaryň ösüşine görnetin goşant goşjakdygy aýdylýar.
Mundan başga-da, gozgalmaýan emläk babatda hem sebit ýurtlarynyň gymmatynyň artýandygyna üns çekilýär. Lýuks emläkde Keýptaun (Günorta Afrika Respublikasy), Grand Beý (Mawrikiý) ýaly ýerler öňdeligi eýeleýär.
Serdar RAHMANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
PDF









