Hytaýyň ýabany durmuşy goraýyş jemgyýeti Jin Si hem-de Žu Ýu atly pandalaryň Ispaniýa iberiljekdigini mälim etdi. Bu owadan jandarlar 29-njy aprelde Hytaýyň Çendu şäherinden Ispaniýa tarap ýola düşer. Pandalar Madriddäki haýwanat bagynda 10 ýyllap idediler. Jemgyýet pandalaryň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny we häzirki wagtda karantinde saklanýandygyny mälim etdi. Iki aý ozal 10 ýyllap Ispaniýada ýaşan panda jübüti Hytaýa getirilipdi.
Uly pandalar tebigy ýagdaýda Hytaýda ýaşaýarlar. Bu jandarlary gorap saklamak we sanyny artdyrmak üçin dürli çäreler geçirilýär. Hytaý bu jandarlary daşary ýurtlara wagtlaýyn iberýär.
Durdy DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









