Sport – be­de­ni­ňi tap­la­mak has ir­ki dö­wür­ler­den göz­baş al­ýan pi­şe bo­lup, sag­dyn­ly­gy we be­de­niň sy­rat­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da ýör­gün­li bo­lan sport gör­nüş­le­ri­niň kö­pü­si ir za­man­lar­da (pa­leo­lit döw­ri) adam­la­ryň meş­gul­la­nan iş­le­rin­den we dur­muş en­dik­le­rin­den ge­lip çy­kyp­dyr. Eý­sem, il­ki­baş­da haý­sy sport gör­nüş­le­ri peý­da bol­du­ka?! Ge­liň, iň ga­dy­my sport gör­nüş­le­ri­niň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Yl­gaw. Yl­ga­mak dün­ýä­niň iň ga­dy­my sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Se­bä­bi spor­tuň bu gör­nü­şi üçin sport en­jam­la­ryna ýa-da aý­ra­tyn meý­dan­ça ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar. Yl­gaw ýa­ryş­la­ry­ny is­len­dik ýer­de – kö­çe­de, ke­nar­ýa­ka­da, düz­lük­de ge­çi­rip bol­ýar. Ýüw­rük­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len has ir­ki ýa­ryş­lar giç­ki pa­leo­lit (daş asy­ry) döw­rü­ne de­giş­li­dir. Mi­la­dy­dan öň­ki 776-njy ýyl­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da yl­gaw ýa­ryş­la­ry­nyň il­kin­ji ge­zek sport gör­nü­şi diý­lip tas­syk­la­nan­dy­gy aý­dyl­ýar. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, kä­bir çeş­me­ler­de yl­gaw ýa­ryş­la­ry­nyň mi­la­dy­dan öň­ki 1829-njy ýyl­da Ir­lan­di­ýa­da ge­çi­ri­len­di­gi hem ag­zal­ýar.
Gö­reş. Adam­zat ta­ry­hyn­da ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty­nyň il­kin­ji gör­nü­şi gö­reş ha­sap­lan­ýar. Mi­la­dy­dan öň­ki 150-nji ýyl­lar­da es­ger­ler­dir ser­ker­de­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len bi­ri-bi­ri­ňi ýyk­mak ýa­ry­şy da­ba­ra­ly gün­ler­de ge­çi­ril­ýän köşk güý­men­je­le­ri­niň naý­ba­şy­sy ha­sap­la­nyp­dyr. Gö­reş ba­ra­da mag­lu­mat­lar, ýag­ny di­wa­ra oýu­lyp çe­ki­len su­rat­lar il­kin­ji ge­zek Fran­si­ýa­nyň Las­ko go­wa­gyn­dan ta­pyl­ýar. Güýç­lü­le­riň ýa­ry­şy bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 708-nji ýyl­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bi­len gö­reş sun­ga­tyn­dan nus­ga al­nyp hä­zir­ki wagt­da meş­hur bo­lan bir­nä­çe sport gör­nüş­le­ri dö­re­dil­ýär.
Ok-ýaý at­mak. Ýaý­çy­lyk we ok­çu­lyk bi­len meş­gul­lan­mak giç­ki pa­leo­lit döw­rün­den göz­baş al­ýar. Ga­dy­my mü­sür­li­ler ok-ýa­ýy sö­weş­ler­de yzy­gi­der­li ula­nan we sport güý­men­je­si­ne öw­ren il­kin­ji siwi­li­za­si­ýa ha­sap­lan­ýar. Ga­dy­my aw­çy­lyk ýa­ra­gy 1900-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ha­ta­ry­na sport gör­nü­şi hök­mün­de gi­ri­zil­ýär.
Naý­za zyň­mak. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan baş­lap, naý­za zyň­mak ýa­ryş­la­ry ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň dü­zü­min­de ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Oýun­çy­la­ryň yl­gap ge­lip, boş meý­dan­ça ta­rap uzyn ta­ýa­gy zyň­ma­gy ar­ka­ly ge­çi­ri­len spor­tuň bu gör­nü­şi il­ki­baş­da meş­hur bol­ma­ýar. 1906-njy ýyl­da hä­zir­ki Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan soň naý­za zyň­mak meş­hur sport gör­nü­şi­ne öw­rül­ýär. Pol­şa­dan Ger­ma­ni­ýa, Şwe­si­ýa we Finl­ýan­di­ýa ýaý­ran naý­za zyň­mak ýa­ryş­la­ry ze­nan­la­ryň ara­syn­da il­kin­ji ge­zek 1932-nji ýyl­da ge­çi­ril­ýär.
Çöw­kan (po­lo). To­par­la­ýyn sport gör­nü­şi bo­lan çöw­kan oý­ny at üs­tün­de oý­nal­ýar. Oý­na her to­par­dan 4 at­çy gat­na­şyp, utuk ga­zan­mak üçin ki­çi­jik agaç to­py bam­buk­dan ýa­sa­lan ta­ýa­jyk bi­len der­we­ze­den ge­çir­ýär­ler. Tu­ran top­ra­gyn­da dö­rän çöw­kan oý­ny ba­ra­da­ky mag­lu­ma­ta «Ko­wus­na­ma» ese­rin­de ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu oý­nuň il­kin­ji hal­ka­ra ýa­ry­şy XII asyr­da Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ça­pyk­su­war­la­ry­nyň ara­syn­da Bag­dat şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär. On­dan soň­ra Hin­dis­ta­nda, Ang­li­ýa­da we Ame­ri­ka­da ýaý­ran spor­tuň bu gör­nü­şi meş­hur güý­men­je­le­riň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Çöw­kan oý­ny po­lo ady bi­len 1900-nji ýyl­da ge­çi­ri­len ikin­ji Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­ýär.