Hytaýyň paýtagty Pekinde awtoulag sergisi başlady. 18-nji gezek geçirilýän sergidäki ähli ulaglar diýen ýaly elektrik energiýasy bilen işleýändigini görmek bolýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanly günbatarly kompaniýalaryň hem soňky tehnologiýaly önümlerini görkezýän sergisinde hytaý brendleriniň hem ulaglary az däl. Hytaýyň elektroulag öndüriji kompaniýasy bolan “Nio”-nyň esaslandyryjysy Wilýam Li “ Bu ýere gelseňiz, mundan beýläk elektroulaglara bolan şübhäňz galmaz. Aslynda, bu geljek däl, häzir bolup duran zat” diýmek bilen tehnologiýanyň näderejede ösendigine ünsi çekýär.
Sergide iri kompaniýalaryň elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryny görme bolýar. sergi 3-nji maýa çenli dowam eder.