Huaçžunyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Hytaý) alymlary daşky gurşaw bilen adamyň ruhy ýagdaýynyň arasynda gös-göni baglanyşygyň bardygyny ýüze çykardylar. Barlaglar ýaşyl zolaklarda ýaşamagyň ruhy taýdan çökgünligiň we aladalaryň derejesini köp babatda peseldýändigini görkezdi.
Alymlar ylmy-barlag merkezinde saklanýan 409 müň 556 adamyň maglumatlaryny seljerdiler. Olar barlaga gatnaşyjylaryň öýleriniň ýaşyl zolaklara golaýlygy, özlerini duýuşlary we beýleki ýagdaýlary baradaky maglumatlary içgin öwrenip, baha berdiler. Alymlar ozaly bilen, barlaga gatnaşýanlaryň her biriniň öýüniň töweregindäki ýaşyl zolaklaryň ýaýrawyna üns gönükdirdiler. Soňra alymlar ýaşyl zolakda ýaşaýanlaryň soňky 12 ýyldaky ruhy taýdan bozulmalarynyň döremek howpuna baha berdiler. Netijeler, ýaşyl giňişliklere uzak wagtlap ýaşamagyň ruhy çökgünlik we alada ýaly howplary azaldýandygyny ýüze çykardy. “Alymlaryň pikiriçe, has amatly daşky gurşaw we arassa howa ynsan saglygynda aýratyn ähmiýete eýe” diýip, “Nature Mental Health” žurnaly ýazýar.
-Biziň barlaglarymyz şäherdäki ýaşyl giňişlikleriň giňeldilmeginiň ruhy sagdynlygy has-da gowulaşdyryp biljekdigini görkezdi – diýip, ylmy işiň awtorlary bellediler.