“Microsoft”, “Alphabet” we ”Intel” ýaly amerikan tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejisiniň ýylyň birinji çärýeginde ýokarlanandygy mälim edildi. “Microsoft”-yň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 17 göterim ýokarlanyp, 61,9 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkezijiniň 52,9 milliard dollar bolandygy mälim edildi. Kompaniýanyň arassa peýdasy 20 göterim artyp, 21,9 milliard dollara ýetdi. Geçen ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 18,3 milliard dollar arassa peýda gazanypdyr. “Microsoft”-yň her paýnamadan alan peýdasy bolsa, 2,45 dollardan 2,94 dollara çykypdyr.
“Gooele“-a eýeçilik edýän “Alphabet” kompaniýasynyň girdejisi 15 göterim artyp, 80,5 milliard dollara ýetipdir. Kompaniýa 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 69,8 milliard dollar girdeji alypdyr. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 57 göterim artyp, 23,7 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu görkeziji 15,1 milliard dollar bolupdyr.
Kompaniýanyň paýnama başyna arassa peýdasy 1,89 dollara ýetipdir. Şeýle hem “Alphabet” şu ýylyň 10-njy iýunynda paýdarlaryna her paýnama üçin 0,20 dollar nagt pul paýlajakdygyny mälim etdi.
Dünýäniň iň uly mikroçip öndürjileriniň biri bolan “Intel” girdejisi geçen ýylyň degişli döwründe 9 göterim artyp, 12,7 milliard dollar köpelipdir. Geçen ýyl bu görkeziji 11,7 milliard dollar bolupdyr.
Bagtygül Rahymowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.