UEFA Çempionlar Ligasynda Münhende “Bawariýa” bilen “Real Madridiň” arasynda oýnalan ýarym finalyň 1-nji duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady. Fransiýaly Klemen Turpeniň eminlik eden duşuşygynda ilkinji bolup myhmanlar hasaby açdy. Oýnuň 24-nji minutynda Toni Kroosyň owadan pasynda topy Winisius Junior derwezä gönükdirdi. Ýer eýeleri bu gola 1-nji ýarymda jogap berip bilmedi. 2-nji ýarymyň başlarynda yzly-yzyna 2 gol geçiren nemes kluby 2-1 hasabynda öňe saýlandy. Duşuşygyň 53-nji minutda Leroý Saneniň jerime meýdançasynyň içine girip, uran batly urgusyndan soň hasap deňlendi. Bu goldan 4 minut soňam Harri Keýn eminiň bellän penaltisini dürs ýerine ýetirip, “Bawariýany” öňe saýlady. Oýnuň 84-nji minutynda emin ýene bir penaltini, bu gezek myhmanlaryň peýdasyna belledi. Ony-da dürs uran Winisius Junior hasaby deňlemegi başardy. Şunlukda, duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Jogap duşuşygy geljek hepdäniň çarşenbe güni, 8-nji maýda Madridde geçiriler.
Karlo Ançelotti tälimçi hökmünde ýene bir ýola “Bawariýadan” ýeňilmedi (9 oýunda 6 ýeňiş, 3 deňlik). “Bawariýa” toparyna 2012-nji ýyldan bäri “Realy” ýeňmek başardanok. “Real Madrid” topary Çempionlar Ligasynda şu möwsümde 11 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.