Italiýanyň 2-nji ligasy “Serie B”-de “Parma” topary 36-njy tapgyrda “Bari” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu deňlik olaryň 3 ýyldan soň “Serie A” dolanmagy üçin ýeterlik boldy. 36 oýunda 74 utuk toplan “Parma” soňky gezek 2020/21 möwsüminde “Serie A”-da çykyş edipdi. “Serie B”-de “Komo” 71 utuk bilen 2-nji orunda barýar. Olar indiki tapgyrda ýeňiş gazansa, “Parmadan” soň “Serie A” çykan 2-nji klub bolar.