Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp her ýyl geçirilýän baýramçylyk dabaralaryň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 24 – 25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler.
Bu köpugurly halkara sergä gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň degişli bölümlerine ýüz tutup bilerler.