Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bar bolan taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, medeni galyndylary ýüze çykarmaga hem-de dünýä ýüzüne türkmeniň taryhy gymmatlyklaryny äşgär etmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilen gününden bäri bu gurama bilen ýakyndan işleşip gelýär. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna hem goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli müňden gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy 1999-njy ýylda «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasyny, 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasyny we 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligini sanawyna girizdi.
Türkmenistanyň çäginde bar bolan köp sanly taryhy-medeni ýadygärlikleriň aýawly goralyp saklanmagyna uly üns berilýär. Amul galasy hem şolaryň biridir. Üç ýurduň — Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäginde ýerleşýän Zerewşan — Garagum geçelgesi ähli ugurlary birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň Merkezi Aziýadaky esasy bölegi bolupdyr.
Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda ýerleşýän 31 sany ýadygärligi özünde jemleýän transmilli hödürnama biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan biziň eýýamymyzyň XVI asyryna çenli hereket eden gadymy söwda ýolunyň bu böleginde binagärlik, tehnologiýalar, monumental sungat, şäher gurluşygy pudaklarynda ýokary derejelere ýetilendigini görkezýär. Üç ýurduň wekilleri birnäçe ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin bilelikde uly işleri alyp bardylar. Şeýle giň gerimli taslamanyň türkmen bölegi Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Kerki», «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi.
Ýadyňyzda bolsa, 2010-njy ýylyň 10 – 12-nji martynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenabat şäherinde Amul galasyna bagyşlanyp, «Gündogar Türkmenistanyň mirasy orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda» atly halkara ylmy maslahaty geçirilipdi. Şonda Amul galasynyň dünýä medeniýetindäki orny barada beýan edilen ylmy garaýyşlar halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredipdi.
Amul – Merw ýolunyň ugrunda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen türkmen orta asyr şäherleri, galalar, kerwensaraýlar saklanyp galypdyr. Bu ýadygärlikleriň hatarynda Amul galasy we Kuşmeýhan şäheri, Mansaf rabady, Könegala at-Tahmalaj, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary bar.
Orta asyr Amul şäheri – Amulyň hökümdarynyň galasynyň galyndylary häzirki Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýär. Onuň söwda ýolunyň ugrunda ýerleşmegi Amyderýadan geçmek üçin amatly bolupdyr. Gadymy şäher suwly çuň garym bilen gurşalan giň inedördül çig kerpiçden salnan gala bolupdyr. Onuň her tarapynda gije-gündiziň dowamynda goralýan öz derwezesi bolupdyr. Galanyň içinde meýdança, esgerleriň ýatakhanalary, azyk ammarlary, jaýlar we owadan bagly köşk ýerleşipdir. Galanyň günbatar, gündogar taraplary söwdagärleriň, senetçileriň ýaşaýyş jaýlary bilen gurşalypdyr. Amul halkara söwdanyň iň iri merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýerleşip, Günbatardan Gündogara (Merwden Buhara we ondan aňyrlygyna Hytaýa), Demirgazykdan Günorta (Gürgençden Balha we Hindistana) uzaýan kerwen ýollary kesişipdir. Söwda ýollaryndan başga-da, bu ýerden Eýrana, Gündogar Ýewropa barýan ýollar bolupdyr. Söwda bilen birlikde, senetçilik hem ösüpdir.
25-26-njy aprelde “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan – Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenabat şäherinde “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Giň gerimli maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, gündogarşynaslar, tanymal professorlar we ýaş alymlar, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bilermenler çagyryldy. Olar myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylandy.
Maslahatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu düzümiň çäginde ýurdumyzyň ornuny berkitmek, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlyk etmek we maglumat alyşmak ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn medeni, taryhy we ekologiýa taýdan ähmiýeti bolan tebigy hem-de beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna, wagyz edilmegine gönükdirilen «Dünýä mirasy» atly maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilýär.
Miwe ÇARYÝEWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.