Dünýäde ýeke ýaşaýan adamlaryň sany barha artýar

103

Soňky sekiz ýylda dünýädäki ýeke ýaşaýan adamlaryň sany, azyndan, 100 million artdy. Bu tendensiýa ösen ýurtlaryň köpüsinde syn edilýär diýip, “The Economist” žurnaly ýazýar. Iň gurply 30 ýurduň seljermesinde 2010-njy ýyldan bäri olaryň 26-synda ýeke ýaşaýanaryň paýynyň artandygy ýüze çykaryldy. Birleşen Ştatlarda 25-34 ýaş aralygyndaky ýeke ýaşaýan raýatlaryň sany soňky 50 ýylyň dowamynda iki esse artdy: erkekleriň 50%-i we zenanlaryň 41%-i ýoldaşsyz ýaşaýar.
Neşir bu meýli zenanlaryň ykdysady garaşsyzlygynyň artmagy we durmuş gurmak üçin jemgyýetçilik basyşynyň azalmagy bilen baglanyşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, pes girdejili erkekler üçin ýoldaş tapmak has-da kynlaşýar. Goşmaça faktor sosial media bolup, ol indiki ýanýoldaşlardan has köp garaşmalary döredýär we tanyşlyk howsalasyny güýçlendirýär.