Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimizde alnyp barylýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär.
Şunuň bilen baglylykda, her ýyl daşary ýurtlarda halkara göçme forumlar guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem şeýle iri halkara forum Fransiýanyň Pariž şäherinde üstünlikli geçirildi. 24-25-nji aprelde dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden köp sanly wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen forumda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan täze maýa goýum taslamalary giňden tanyşdyryldy. Daşary ýurtly maýadarlara, iri halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekillerine ägirt uly «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň, TOPH gaz geçirijisini gurmagyň, gury ýerde nebiti we gazy çykarmagyň, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary, gaýtadan dikeldilýän energetikany özleşdirmegiň geljekki tapgyrlary barada içgin maglumatlar berildi. Uglewodorod serişdelerini gazyp almakda we metan zyňyndylaryny azaltmakda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.
Energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň gor mümkinçilikleri boýunça öňdeligi eýeleýän iri «Galkynyş» gaz känini aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Geçirilen soňky audite görä, bu gaz käniniň gory 27 trillion kubmetrden hem köpdür. Forumda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň günorta-gündogaryndaky bu iri gaz käniniň özleşdirilmegi barada maglumatlar beýan edildi. Bu ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyry Hytaýa ýylda 30 milliard kubmetr gazyň eksport edilmegini yzygiderli üpjün edýär. Üpjünçiligi 25 milliard kubmetr artdyrmak üçin ikinji tapgyrdan peýdalanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem gaz käniniň üçünji tapgyry ýylda 33 milliard kubmetr kuwwatlylygy bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçiriji taslamasy üçin gymmatly çeşme bolar. Şeýle hem gaz känini ýene-de birnäçe tapgyrlarda özleşdirmek mümkinçiligi barada gürrüň edildi.
Mundan başga-da, bu forumda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada gürrüň edildi. Türkmenistan taslamany halkara hukugyna laýyklykda durmuşa geçirýär. Geljekde taslamanyň ünsi Owganystanda «Hyrat» stansiýasy» Strategiýasyna gönükdiriler. Ol howanyň hapalanmagynyň derejesini peseltmegiň hasabyna daşky gurşawy goramakda möhüm orun eýelär. Şol bir wagtda ol jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmäge we taslamany mundan beýläk hem ilerletmäge ýardam eder. Mundan başga-da, ol irki tapgyrlarda girdejiniň gelmegini üpjün eder we maýadarlaryň ynam derejesini artdyrar.
Gurluşygy tamamlanandan soň, TOPH gaz geçirijisi energetika howpsuzlygyny berkitmek, şol bir wagtda halkara hukuk tejribesiniň iň ýokary standartlaryny berjaý etmek bilen sebit ösüşine täsir etmek bilen, Günorta Aziýanyň energetika ýagdaýyna düýpli täsir eder.
Umuman, Pariž şäherindäki göçme forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýetli halkara çäreleriň biri boldy.
Aýna GARRYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.