Mundan 20 gün öň, ýagny 14-nji aprelde Germaniýanyň «Bundesligasynda» taryhy waka bolup geçdi. Lewerkuzen şäheriniň doly ady «Baýer 04» bolan topary 119 ýyllyk taryhynda (1-nji iýulda 120 ýyl bolýar) ilkinji çempionlygyny gazandy. Bu çempionlygyň iň esasy iki aýratynlygy bolup, birinjisi ýeňlişsiz gazanylan çempionlyk bolmagy, ikinjisi bolsa ýurduň futbolynyň hökmürowany «Bawariýanyň» 11 ýyllyk çempionlygyny soňlandyrmagydyr. «Baýeriň» çempionlyk gazanmagynda tälimçi Habi Alonsonyň orny gürrüňsiz uludyr. Şeýle-de, onuň toparyň oýunçylarynyň süňňüne siňdiren, aňyna guýan motiwasiýasydyr. Ýagny topar çempion bolýança, hatda çempionlyk gazanylandan soňam ýeňşe bolan ynamyny, futbola bolan hyjuwyny, höwesini, motiwasiýasyny birjigem ýitirmedi. Başgaça aýdylanda, käbir oýunlara seredeniňde olar üçin oýun 90-njy minutdan soň başlaýan ýaly. Muňa toparyň 90-njy minutdan soň geçiren gollary doly şaýatlyk edýär.

«BAWARIÝA» DUŞUŞYGYNDA BAŞLADY

14-nji aprelde öz meýdançasynda «Werderi» 5–0 hasabynda ýeňip, çempionlygyny yglan eden «Baýer» toparynyň şu möwsümde oýnuň ahyrlarynda ýeňlişden halas bolan ýa-da ýeňiş gazanan duşuşyklarynyň sany az däl. «Baýer» toparynyň futbolçylary 90-njy minutda we 90-njy minutdan soň 16 gol geçirmegi başardy. 90-njy minutdan soň gol geçirmek klub üçin ýörgünli däbe öwrüldi. Lewerkuzenliler bu ýörelgesine ilkinji bolup, çempionlygyň esasy dalaşgäri «Bawariýa» bilen geçiren duşuşygynda başlady. 4-nji tapgyrda geçirilen bu oýunda 90+4-nji minutda Palasios penaltini dürs urup, «Baýeri» ýeňlişden halas edipdi (2–2).

Çempionatyň 17-nji tapgyrynda «Augsburg» bilen geçirilen duşuşykda ýene-de Palasios 90+4-nji minutda tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirdi. Myhmançylykdaky «Leipsig» bilen geçirilen duşuşygyň 2–2 deňlikde tamamlanmagyna garaşylýardy. Ýöne Piero Hinkapie 90+1-nji minutda myhmanlara ýeňiş getiren oýunçy boldy. «Bawariýany» öz meýdançasynda 3–0 ýeňen duşuşygynda-da 3-nji gol 90+5-nji minutda geçirildi. Şol goly Frimpong öz adyna ýazdyrdy. «Baýeriň» bu jadylaýjy däbini bozmaga golaýlan ilkinji topar «Hoffenhaým» boldy. 33-nji minutda Maksimillian Baýeriň goly bilen öňe geçen «Hoffenhaýmyň» bu üstünligi 88-nji minutda tamamlandy. 88-nji minutda Andrih hasaby deňlese, Patrik Şik 90+1-nji minutda ýeňiş goluny geçirdi.

Çempionlygyny yglan edeninden soň «Baýer» 2 duşuşygyny hem deňme-deň oýnady. Iki garşydaş hem öňdäki 4-lüge düşmek üçin göreşýän toparlar bolup, «Baýer» ilki myhmançylykda «Borussiýa Dortmund», soňra «Ştutgart» bilen duşuşdy. Dortmunddaky oýunda ýer eýelerinden Füllkrugyň 81-nji minutda geçiren goluna lewerkuzenliler 90+7-nji minutda Stanişiçiň kelle urgusy bilen geçiren goly esasynda jogap berip, ýeňlişsizlik seriýasyny dowam etdirdi. 31-nji tapgyrda öz meýdançasynda 3-nji ýerde barýan «Ştutgarty» kabul eden «Baýeriň» oýny ýene-de şowly boldy. Myhmanlar 2–0 öňe saýlansa-da, Alonsonyň şägirtleri ruhdan düşmedi. Ilki 61-nji minutda tapawutlanan Adli aratapawudy azaltdy. Soňra Andrih 90+6-njy minutda hasaby deňläp, toparynyň bu duşuşykda däbini dowam etdirmegine sebäp boldy.

«Baýer» Germaniýanyň Kubogy ýaryşynyň 2-nji tapgyrynda «Sandhauzen» bilen geçiren duşuşygynda-da soňky minutlarda 3 goly derwezä girizdi. Duşuşygyň 86-njy minutynda hasap deňme-deňlikdi (2–2). 2 minutda 2 gol geçiren «Baýer» 90+2-nji minutda ýene bir pökgini tora salyp, 5–2 hasabynda ýeňiş gazandy. Kubok ýaryşynyň çärýek finalynda-da «Ştutgarty» Jonatan Tanyň 90-njy minutda geçiren goly esasynda 3–2 ýeňlişe sezewar etdi. «Baýer» kubok ýaryşynyň finalynda «Kaizerslautern» bilen duşuşar.

«GARABAG» TOPARYNA GARŞY 3 OÝUNDA-DA…

Diňe bir «Bundesligada» ýa-da Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda däl, eýsem, Ýewropa Ligasynda-da «Baýer» topary 90-njy minutdan soň gol geçirmegini dowam etdirdi. Toparçada myhmançylykda «Garabagy» Bonifeýsiň 90+4-nji minutda penaltiden salan goly esasynda 1–0 ýeňdi. 1/8 finalda ýene-de «Garabag» bilen duşuşan lewerkuzenlileri bu gezek Patrik Şik ýeňlişden halas etdi. 1-nji duşuşykda 2–1 asgyn barýan «Baýer» 90+2-nji minutda Patrik Şigiň goly bilen hasaby deňledi. Jogap duşuşygynda-da azerbaýjanlylar 2–0 öňe saýlandy. Ýöne ýene-de çehiýaly hüjümçi «Baýeriň» dadyna ýetişdi. 90+3-nji minutda hasaby deňlän Şik, 90+8-nji minutda toparyny çärýek finala çykaran goly geçirdi. Çärýek finalda-da «West Hamy» kabul eden «Baýer» 1-nji oýunda 2-nji goluny 90+1-nji minutda derwezä girizdi (Hofmann 83, Bonifeýs 90+1). Jogap duşuşygynda-da Frimpong 89-njy minutda toparyny ýeňlişden halas edip, toparynyň ýeňlişsiz seriýasynyň dowam etmegine sebäp boldy.

Netijede, «Baýer» şu möwsümde geçiren 47 duşuşygynda ýeke gezek hem ýeňilmedi. Telim gezek ýeňlişden halas bolmagy başaran klubuň bu seriýasyny ýene-de näçe duşuşyk dowam etdirjekdigi futbol janköýerlerini içgin gyzyklandyrýar.