Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2024-nji ýylda global jemi içerki önümiň ösüşine ýokary baha berdi. Netijede, bu ýyl öň garaşylýan 2,9 göterimiň ýerine 3,1 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar. Bu barada guramanyň hasabatynda mälim edildi. Täze ykdysady hasabatda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda ösüşiň öňki 3 göterim çaklamanyň ýerine 3,2 göterime ýetjekdigi bellenýär.
-Pandemiýadan soň global ykdysady dikeliş çak edişimizden hem has çalt gidýär – diýip, hasabaty hödürleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň başlygy Matias Cormann belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, munuň sebäbi ýurtlaryň energiýa sarsgynlaryna uýgunlaşmagy hem-de Hytaý bazarynyň koronawirus ýokanjy bilen baglylykdaky uzak dowam eden çäklendirmelerden soňra açylmagydyr.
Bilermenler 2024-nji ýylda öňki ösüş boýunça çaklamalaryna täzeden garadylar, mysal üçin, ABŞ-da 2,1 göterimiň ýerine 2,6 göterim, Hytaýda bolsa, 4,7 göterimiň ýerine 4,9 göterim bolar. 2025-nji ýylda bu ýurtlaryň ikisinde-de ýene-de ep-esli ösüş gazanylar. Şol bir wagtyň özünde, gurama ýurtlaryň köpüsinde hümmetsizlenmäniň ýokary bolmagynda galýandygyny duýdurdy.