Özbegistan, Gazagystan we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda energetika ulgamlarynyň bir-birine birikdirilmegi maksat edinilýän şertnama gol çekildi. Daşkentde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň energetika we ykdysadyýet ministrleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Geçirilen gepleşiklerde üç ýurduň energiýa ulgamlarynyň birikdirilmegi barada netijä gelnip, degişli şertnama gol çekildi. Ýygnak barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Gazagystanyň resminamada göz öňünde tutulan maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegini, “ýaşyl” energiýanyň öndürilmegini we Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa eksportyny, energiýa ulgamlarynyň integrasiýasyny we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeli ulanylmagy üçin umumy maksatlaryň durmuşa geçirilmegini höweslendirjekdigini aýtdy.
Gazagystanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy gol çekilen şertnama bilen gatnaşyjylaryň Hazar deňziniň aşagyndan ýokary güýjenmeli geçirijiniň düşelip, energetika ulgamlaryny birikdirmek mümkinçiliginiň öwreniljekdigini mälim etdi.