Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh tarapyndan başy başlanan çölleşmäge garşy göreş boýunça tutuş ýurtda “Milliard agaç” kampaniýasy amala aşyrylandan bäri, mongol tokaýçylary we bagbanlary jemi 42 million agaç ekdi we 120-den gowrak ýaprakly we gyrymsy agaçlaryň 63 million nahalyny ösdürip ýetişdirdi. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat sekretary Ulziybaýaryn Zolbaýar mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, Ulan-bator we 21 mongol aýmagy, şeýle hem beýeki guramalar we kärhanalar, şol sanda magdançylyk pudagynda işleýän 21 iri gurama Mongoliýanyň Prezidentiniň 1 milliard agaç ekmek baradaky başlangyjyny goldap, 2030-njy ýyla çenli jemi 608 million agaç ekjekdigini tassykladylar.
2030-njy ýyla çenli, azyndan, 1 milliard agaç ekmek boýunça tutuş ýurt boýunça kampaniýa 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda resmi taýdan başlandy. Şonda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh BMG-niň Baş Assambleýasyndan öz ýurdunyň çölleşmäge we howanyň üýtgemegine garşy göreşjekdigini mälim etdi. Şuny göz öňünde tutup, mongol hökümetiniň 2020-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna tokaýlary dikeltmek we olaryň meýdanyny 9 göterime çenli ýokarlandyrmak ýaly birnäçe möhüm çäreler girizildi. Ekologlar Mongoliýanyň howanyň global üýtgemeginiň täsirlerine has durnuksyzdygyny belleýärler. Ýurduň geografik ýerleşişi sebäpli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklaryň, çölleşmegiň we tupanlarynyň ýygylygy ýylsaýyn artýar.