Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” çempion 34-nji tapgyrda belli bolup, “Real Madrid” 36-njy çempionlygyny baýram etdi. “Real Madrid” öz meýdançasynda “Kadiz” toparyny Braim Diaziň 51-nji, Bellingamyň 68-nji hem-de Hoselunyň 90+3-nji minutlardaky gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşygyň yzysüre geçirilen “Žirona” – “Barselona” duşuşygynda-da ýer eýeleriniň ýeňiş gazanmagyndan soň “Real Madrid” çempionlygyny yglan etdi. Şunlukda, “Real Madrid” 36-njy çempionlygyny gazanyp, 27 çempionlygy bolan “Barselonadan” ep-esli öňde barýar. Toparyň tälimçisi Ançelotti “Realdaky” 12-nji, karýerasyndaky 28-nji kubogyny gazandy. “Real Madrid” Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan 2 toparyň biri bolup, ol bu ugurda rekordy “Ýuwentus” bilen paýlaşýar.