Italiýanyň çempionatynda çempion “Inter” myhmançylykda ligada galmak üçin göreşýän “Sassuolodan” Llorýanteniň 20-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda asgyn geldi. “Inter” topary sentýabrdan soň, ýagny 28 oýundan soň ilkinji gezek utuldy. Olar çempionatda soňky gezek öz meýdançasynda ýene-de “Sassuolodan” 2-1 hasabynda utulypdy. “Milan” bilen “Jenoa” 3-3, “Roma” bilenem “Ýuwentus” 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. “Serie A”-da oýnalan 8 duşuşygyň 6-sy deňlikde tamamlandy.

Torino-Bolonýa: 0-0,

Monza – Lasio: 2-2 (Džuriç 75, 90+2 – Immobile 11, Wesino 83),

Sassuolo – Inter: 1-0 (Llorýante 20),

Kaliari – Leççe: 1-1 (Mina 26 – Krstowiç 84),

Empoli – Frozinone: 0-0,

Werona – Fiorentina: 2-1 (Lazowiç 13 p, Noslin 59 – Kastrowilli 42),

Milan – Jenoa: 3-3 (Florenzi 45, Gabbia 72, Žiru 75 – Retegi 5 p, Ekuban 48, Tşaw 87 ö.d.),

Roma – Ýuwentus: 1-1 (Lukaku 15 – Bremer 31),

Salernitana – Atalanta, Udineze – Napoli