Alymlar dürli jandarlarda her hili barlagy geçirip görýärler. Adama iň ýakyn jandarlaryň biri hem totular hasaplanýar. Guşlaryň bu görnüşiniň käbiri okadylan ýagdaýynda gepläp, has dogrusy öwredilen sözleri gaýtalap bilýär. Adatça, jübüti bolmadyk totular geplemegi öwrenýär. Şeýle ýagdaýda, olar “ýalňyz” bolýarlar.
Geçirilen barlagda öýdeçi totularyň ozal ýazgy edilen wideolary däl-de, başga bir öýdeçi guş bilen wideojaň arkaly “habarlaşmagy” halaýandygy anyklandy. Barlagda dokuz toty guşa ekranda ozal ýazgy edilen wideony görmäge ýa-da başga bir guş bilen “göni ýaýlymda” gepleşmäge mümkinçilik döredildi. Ilkibaşda guşlar bir-birlerine sanly ulgam arkaly tanyşdyryldy. Soňra öýdeçi guşlara 12 gezekde jemi 36 sagatlap ekranlar elýeterli edildi. Olaryň ýarysynda beýleki guşlar bilen göni ýaýlym ýola goýuldy, galan ýarysynda wideo görkezildi. Alty aýlap dowam eden işiň çäklerinde guşlaryň beýleki guşlar bilen wideojaň arkaly gepleşenlerinde has şadyýan bolandygy anyklandy. Şeýle hem göni ýaýlymdaky ekrana has köp tomaşa edendigi, wideo görkezýän ekran bilen az gyzyklanandygy ýüze çykaryldy. Glazgo uniwersitetiniň kompýuter bilimleri fakultetiniň ylmy işgäri, bu baradaky makalanyň awtory, doktor Ilýena Hirskiý-Duglas totularyň beýleki guşlara “habar gatmakdan” lezzet alýandygyny, emma wideolara tomaşa edýän wagty onuň çagyryşyna jogap gelmändigini göreninde, gyzyklanmasynyň gysga wagtdan gutarandygyny aýtdy.