Şu gün Kreml köşgünde Wladimir Putiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasy geçirildi. Şu ýylyň mart aýynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan Wladimir Putin bäşinji gezek bu wezipä girişýär.
Rus teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp berlen dabarada ilki bilen Russiýanyň döwlet baýdagy, Prezidentiň ştandarty, Russiýanyň Konstitusiýasy we Russiýanyň Prezidentiniň nyşany Uly Kreml köşgüniň Andreýew zalyna getirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda, dabara Federasiýa Geňeşiniň agzalary, Döwlet Dumasynyň deputatlary we Konstitusion kazyýetiň kazylarynyň gatnaşmagynda Wladimir Putin kasam kabul etdi. Konstitusion kazyýetiň başlygy Waleriý Zorkin Wladimir Putiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişendigini habar berdi.
Soňra Kreml köşgüniň meýdanynda Russiýa Federasiýasynyň goşun gulluklarynyň dabaraly ýörişi geçirildi.
Wladimir Putiniň wezipesine girişmek dabarasyna 2 müňden gowrak adam gatnaşdy. Olaryň hatarynda daşary ýurtlaryň Russiýa Federasiýasyndaky ilçileri hem bar.
71 ýaşly lider 2030-njy ýylda wezipe möhleti tamamlananda, gaýtadan bu wezipä dalaş edip biler.
Wladimir Putin ilkinji gezek 2000-nji ýylda bu wezipä saýlanypdy. Şol wagt ýurtda iň ýokary döwlet ýolbaşçysynyň wezipe möhleti 4 ýylda bolup, iň köp iki gezek dalaşgär bolup bilýärdi. 2008-2012-nji ýyllar aralygynda ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk eden Putin 2012-nji ýylda bu wezipä gaýtadan saýlandy. Ýurduň Esasy kanunyna girizilen üýtgeşme bilen Prezidentiň wezipe möhleti alty ýyla çykaryldy.