29-njy aprelde Şotlandiýada häkimiýetdäki Şotland milli partiýasynyň (SNP) ýolbaşçysy Hamza Ýusuf işinden çekilendigini mälim edipdi. Partiýanyň başlygy bolmak üçin 2000-2004-nji ýyllarda bu wezipäni ýerine ýetiren Jon Swinniniň ýeke-täk dalaşgär hökmünde ýüz tutandygy mälim edildi. SNP-niň lideri bolmaga isleg bildiren Swinniniň parlamentde geçiriljek ses berlişikden soňra Şotlandiýanyň sebitleýin hökümet başlygy bolmagyna garaşylýar.
Hamza Ýusuf SNP-niň täze ýolbaşçysyny X jemgyýetçilik torunda gutlap, özüne berlen goldaw üçin minnetdarlygyny bildirdi. Ýusuf deputat hökmünde Swinnä goldaw berjekdigini aýtdy.
Beýleki dalaşgärler Keýt Forbes geçen hepde, Greame MakKormik bolsa, dalaşgärlikden çekilendigini we Swinnä goldaw berjekdiklerini mälim etdi.
1985-nji ýylda Şotlandiýanyň Raterglen şäherinde doglan Hamza Ýusufyň asly pakistanly bolup, ýurduň ilkinji musulman lideri bolupdy. Ol bu wezipä geçen ýylyň mart aýynda girişip, bir ýyldan gowrak wagt ýerine ýetiripdi.