Panamada geçirilen prezident saýlawynda Hose Raul Mulino ýeňiş gazandy. Ozal ýurduň Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri bolup işlän Mulino sesleriň 90 göterimi sanalandan soňra Möjekler Koalisiýasynyň dalaşgäri 34,42 göterim ses aldy. Beýleki ýol hereketi (MOCA) partiýasynyň dalaşgäri Rikardo Lombana 25,01, ozalky prezident Martin Torriýos 16 göterim ses aldy.
Ýurduň Ýokary saýlaw kazyýetiniň başlygy Alfredo Hunka saýlawda Mulinonyň ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.
Mulino saýlawyň netijesi barada söz açyp, halkyň beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, bu wezipäni jogapkärçilik we pespällilik bilen ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Onuň iň ýakyn iki bäsdeşi Lombana we Torriýos ýeňlişini kabul edip, Mulinony gutlady.
Saýlawa gatnaşygyň 77 göterim bolandygy mälim edildi. Bu görkezijiniň soňky 30 ýylyň iň ýokary sandygy mälim edildi.
Geçirilen saýlawda panamalylar ýurduň ýolbaşçysy bilen bir hatarda Milli parlamentiň agzalaryna hem ses berdiler.
Panama şäherindäki Santa Maria La Antigua Katolik uniwersitetinde hukuk we syýasat bilimi hem-de ABŞ-nyň Täze Orlean şäherindäki Tuleýn uniwersitetinde deňiz hukugy ugrundan ýokary bilim alan Mulino aklawçy wezipesinde işledi. Ol saýlaw kampaniýasynda Panama halkyna ykdysady ösüş we ýokary derejeli iş bilen üpjünçiligi wada beripdi.