Günorta Aziýada ýerleşýän Tailandda fewral aýyndan bäri howanyň temperaturasy bolmalysyndan has ýokary bolmagynda galýar. Şondan bäri yssy howa sebäpli 38 adamyň heläk bolandygy mälim edildi. Ýurduň Meteorologiýa edarasynyň maglumatlaryna görä, ýurduň paýtagty Bankokda taryhdaky iň yssy aprel aýy hasaba alnypdyr. Dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän şäherleriniň biri bolan Bankokda howanyň temperaturasynyň mahal-mahal 54 dereje ýetendigi hasaba alyndy. Ýurduň saglygy goraýyş ministri doktor Atthapol Kaewsamrit yssy sebäpli heläk bolanlaryň köpüsiniň haýsydyr bir keseli barlar we gartaşan adamlardygyny mälim etdi.
Yssy howa akymynyň tomus paslynyň ahyryna çenli dowam etjekdigi mälim edildi. Ýurduň ýaşaýjylaryna we syýahatçylara bir hepdäniň dowamynda günortan çagy daşaryk çykmazlyk we suwuk zatlary içmek maslahat berildi.
Bilermenler adatça maý aýynda başlaýan ýagynly möwsümiň gijikmeginiň bütin dünýäde bolup geçýän klimatyň özgermegi bilen baglydygyny belleýärler.