Geçen ýyl milliarderleriň sanawyna goşulan amerikaly ýaş aýdymçy zenan Teýlor Swiftiň konsert bermek üçin baran ýurdy köp sanly syýahatçyny özüne çekýär. Bu bolsa şol ýurduň ykdysadyýetine görnetin täsir edýär. Häzir gözel aýdymçy konsert bermek üçin Ýewropa ýurtlaryna gitmäge taýýarlyk görýär. Şu ýylyň tomus aýlarynda bolsa Fransiýanyň paýtagty Parižde Olimpiýa oýunlary geçiriler. Bu ýurduň syýahatçylyk pudagynyň bilermenleri Swiftiň Olimpiýa oýunlaryna garanyňda bäş esse köp girdeji getirýär. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýada köp sanly sport muşdagyny özüne çekýär.
Fransiýada Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak we tomaşa etmek üçin daşary ýurtlardan 2 million myhmanyň gelmegine garaşylýar. Swift şu hepdäniň dowamynda Parižiň golaýyndaky “La Défense Arena” stadionynda dört gezek çykyş edip, “Eras Tour” atly konsertiniň Ýewropa böleginiň başyny başlar. Her bir çykyşa 40 müň adam tomaşa eder. Şeýle hem bu konsertiň Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýändigi bellenildi.
Swiftiň muşdaklary bir konserte tomaşa etmek üçin Parižde ortaça üç gije-gündiz bolýarlar. Şeýle hem olar lýuks myhmanhanalarda galýarlar. Konsert görmäge barýanlaryň üçden biri söwda etmegi hem halaýan eneli-gyzlardan ybarat. Konserte tomaşa etjekleriň bäşden biri bolsa, öz syýahatyna Londony we Fransiýanyň günortasyny hem goşmagy meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda bütin Ýewropada Swiftiň konsertlerine tomaşa etmek isleýänler köpelýär. Şeýle bolansoň Parižde we beýleki Ýewropa şäherlerinde konsert petekleriniň gaýtadan aşa gymmat bahadan satylmagynyň öňüni almak maksady bilen gaýtadan satylmagy çäklendirilip başlandy.
Swiftiň konserti howanyň gyzan, emma syýahatçylyk möwsüminiň başlamadyk, myhmanhanalaryň arzanlaşyk yglan edýän döwrüne gabat geldi. Bu bolsa, ýurtlaryň syýahatçylyk pudagy üçin gowy girdeji getirer. Mundan ozal Swiftiň konserti Awstraliýa, Singapur we Argentina ýaly ýurtlaryň ykdysadyýetine uly goşant goşupdy. “Bloomberg Economics”-iň çaklamalaryna görä, geçen ýyl ABŞ-daky konsertleriň birinji aýlawy ýurduň jemi içerki önümine 4,3 milliard dollar goşant goşupdyr.