Genri Forduň ýapynjasy
Bir gezek amerikan millioneri Genri Ford iş sapary bilen Angliýa barýar. Ol howa menziliniň sorag-jogap gullugyndan şäheriň golaýrakda ýerleşýän islendik arzan myhmanhanasy bilen gyzyklanýar.
Gullukçy oňa nazar aýlap, ýüzüniň tanyşdygyna göz ýetirýär. Çünki gazetler Ford barada häli-şindi ýazýan ekenler. Häzir bolsa, ol köneje plaşynda onuň garşysynda durdy hem-de arzan myhmanhana soraýardy. Gullukçy ynamsyzlyk bilen ondan:
– Eger-de men ýalňyşmaýan bolsam, siz jenap Genri Ford bolmaly? – diýip soraýar.
– Hawa – diýip, ol biperwaý jogap berýär.
Gullukçy geň galýar:
– Arada men şu ýerde siziň ogluňyzy gördüm. Ol iň gymmat otag sorap, ýaşajak myhmanhanasynyň iň naýbaşy bolmalydygyny aýdyp, ol ýerdäki şertler bilen çynlakaý gyzyklandy. Siz bolsaňyz, ataň döwründen galan plaşy geýip, arzan myhmanhana soraýarsyňyz. Eýsem, siz puluňyzy tygşytlaýarsyňyzmy?
Genri Ford biraz pikirlenip, şeýle jogap berýär:
– Meniň gymmat myhmanhanada galmagymyň onçakly zerurlygy ýok, sebäbi gereginden artyk zada tölemegiň asla manysy ýok. Men haýsy ýerde galsam-da, Genri Ford. Men myhmanhanalaryň arasynda hem uly tapawut göremok, çünki arzan myhmanhanada hem has gymmadyndaky ýaly dynç alyp bolýar. Bu plaş barada aýdylanda bolsa, dogry ony kakamam geýipdir, ýöne munuňam onçakly ähmiýeti ýok, çünki men bu plaşda hem barybir Genri Ford. Oglum barada aýdylanda bolsa, ol heniz ýaş, tejribesiz, eger ol arzan myhmanhanada galsa, adamlaryň özi baradaky etjek gepinden heder edýär. Men bolsa, töweregimdäkileriň men baradaky pikirinden çekinemok, sebäbi men öz hakyky bahamy bilýän. Men puly tygşytlap bilýänligim hem-de ýasama zada garanyňda, hakyky gymmatlygy saýgaryp bilýänligim üçinem millioner boldum.
Duýgy adasy
Ir zamanlar bir ada bolup, onda ähli Duýgy hem-de adamlaryň ruhy gymmatlyklary ýaşapdyr: Şatlyk, Hasrat, Akyl we beýlekiler. Olar bilen birlikde Söýgi hem ýaşapdyr.
Bir ýola Duýgy adanyň ummana batyp barýandygyny, bahym gark boljakdygyny aňypdyr. Olaryň ählisi öz gämilerine münüp, adany taşlap gidýärler. Söýgi alňasamaýar we soňky minutlara çenli garaşýar. Ol adany halas etmäge hiç hili umydyň ýokdugyna, ony eýýäm tutuşlygyna diýen ýaly suw basyp barýandygyna göz ýetirip, kömege çagyryp ugraýar.
Onuň gapdalyndan Baýlygyň kaşaň gämisi ýüzüp geçýär. Söýgi özüni gämisine almagyny sorap, oňa ýüz tutýar, ýöne Baýlyk gämisinde köpsanly gymmat bahaly närseleriň, altyn-kümüşleriň bardygyny, Söýgä ornuň ýokdugyny ýaňzydýar.
Söýgi duşundan geçip barýan Tekepbirligiň gämisine ýüz tutýar. Ýöne Söýgi jogap hökmünde ondan Tekepbirligiň gämisinde bolmagynyň kadany we kämilligi bozýandygyny eşidýär.
Söýgi kömek sorap, Hasrata ýüz tutýar. Ýöne ol:
– Eý, Söýgi, meniň şeýle bir ýüregim gysýar, şoňa görä, ýeke özüm bolanym kem däl – diýip jogap berýär.
Adanyň deňinden Şatlyk ýüzüp geçýär, ýöne ol şatlyk-şagalaň bilen şeýle bir başagaý eken welin, hatda Söýginiň sesinem eşitmeýär.
Birdenkä, Söýgi “Bärik gel, seni ýanyma alaýyn” diýen sesi eşidýär. Söýgi çal saçly gojany görüp, bagtyýarlykdan ýaňa ýere-göge sygmaýar, hatda onuň adyny soramagy hem unudýar. Olar kenara baryp ýetenlerinde, Söýgi düşüp galýar, goja bolsa, öz ýoluna rowana bolýar. Gojanyň gämisi gözden ýitende, oňa iň bolmanda, minnetdarlyk hem bildirmänligi güpbe ýadyna düşýär.
Söýgi Akyla ýüz tutýar:
– Akyl aýtsaňyzlaň, meni kim halas etdi?
– Wagt – diýip, Akyl jogap berýär.
– Wagt diýdiňmi? Näme sebäpden ol maňa kömek etdikä? – diýip, Söýgi geňirgenýär.
– Diňe Wagt durmuşda Söýginiň nähili wajypdygyny bilýär – diýip, Akyl jogap berýär.
Durmuşda käwagt adam yzyna öwrülüp gidenden soň, onuň arkasyndaky ganatlary görüp, perişdedigini bilip galýarsyň.
Awtobusdaky waka
On bäş ýaşlaryndaky ýetginjek awtobusa münýär. Ol awtobusa girende, heniz hiç kimiň münmändigini, halan ýeriňde oturybermelidigini görüp, juda begenýär. Ol ahyrky duralga çenli gitmeli bolanlygy üçin özüne ynjalykly bolan ýeri saýlaýar. Awtobus ýoluny dowam etdirýär. Ýigrimi minutdan soň, awtobus adamdan dolýar.
Ýetginjek saz diňleýär, aram-aram daşary seredýär, onýança-da, gartaşan bir aýal onuň egnine kakyp:
– Sende heý utanç ýokmy, biz dagy sen ýalykak özümizden ululara ýer berýärdik, sen bolsaň, görmediksirän bolup otyrsyň – diýýär.
Oňa ikinji aýal hem goşulyp:
– Ine, görüň-ä şu mahalky ýaşlary, bu ýerde sap-sagat ýigid-ä oturmaly, gartaşan syrkaw zenan bolsa, aýak üstünde durmaly – diýýär.
Edil iküç minutdan soňra, awtobusdakylaryň hemmesi diýen ýaly ýetginjege şerebesini pürküp ugraýarlar. Ýaş oglan bu gysyşa döz gelip bilmän, şeýle diýýär:
– Bolýa, men häzir turaýyn, ýöne şu ýerde diňe öz aýdan sözüne utanmajaklar otursyn!
Onuň sözleri köpde sarsgyn döredenligi üçin ýazgarmaklaryny bes edýärler. Ýetginjek aljyraňňy halda oturgyjynyň gapdalyndan birzatlar çykarmaga durýar, ilki pişegiň birinji taýyny, soňra bolsa, ikinjisini çykarýar hem-de ýerinden turup, pişeklerine daýanýar.
Haýran galmakdan ýaňa hemmeler doňup galýarlar. Şeýle zadyň bolup biljekdiginiň hiç kimiň kellesine gelmeýşini diýsene. Oňa gaharly daraşan gartaşan zenan bolsa, aýak üstünde durşuna nämäň-nämedigine düşünip galýar hem-de ahyrky duralga çenli dymyp gidýär.
Oglan ýeňil bolmasa-da, pişeklerine daýanyp gidýär, ýöne ýoluň bütin dowamynda öz oturan ýeriniň boş galmagy oňa gaýrat berýär.
Durmuşyň manysy nämede?
Bir gezek okuwçy mugallymyna ýüzlenýär:
– Mugallym!.. eýsem, durmuşyň manysy nämedekä?!
– Ýogsa-da, onuň manysy nämedekä?! – diýip, mugallym soragly nazaryny okuwçylara dikýär.
Olar az salym pikirlenip, şeýle diýýärler:
– Umuman, adamzat durmuşy bolaýmasa?
Mugallym uludan demini alýar, soňra okuwçylara ýüzlenip:
– Jogap agtarmaga synanyşyň..
Okuwçylaryň biri şeýle diýýär:
– Ähtimal, ol söýgi bilen ýaşamakdyr?!
– Ýaman däl, ýöne ýaşyň soňunda, “Men boş ýaşamandyryn” diýip, aýdar ýaly diňe söýgi bilen ýaşamak ýeterlikmikä?!
Şol mahal ýene bir okuwçy dillenýär:
– Meniň pikirimçe, durmuşyň manysy özüňden soňra asyrlara nämedir birzatlary goýup gitmek.
– Bä, sen näme adamlaryň aglaba köpüsi boş ýaşaýar diýjek bolýaňmy?! – diýip, mugallym ýylgyrýar.
Üçünji bir okuwçy ynamsyzlyk bilen çaklaýar:
– Megerem, onuň manysyny agtarmagyň geregi ýokdur..
– Hany-hany, ýöne näme üçin şeýle pikir edýäniňi düşündir – diýip, mugallym gyzyklanýar.
– Meniň pikirimçe, bu meselä girişseň, birinjiden-ä, anyk we gutarnykly jogaby barybir tapyp bolmaýar, mydama şübhelenip gezýäň, ikinjiden bolsa, sen nähili jogap tapsaň-da, barybir hemişe onuň üstünde jedelleşjek kimdir biri tapylýar. Şeýlelikde, bütin ömrüň onuň manysyny gözlemek bilen geçip gidýär, durmuşyň manysy bolsa, diňe ýaşamakda – diýip, okuwçy jogap berýär.
– Meniň pikirimçe, bu onuň dogry jogaby – diýip, mugallym bu günlükçe sapaklaryň tamam bolandygyny mälim edýär.
Toplan we terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.