1901-nji ýylyň 9-njy maýynda Awstraliýanyň Melburn şäherinde ýurduň milli parlamenti (resmi ýagdaýda Arkalaşygyň parlamenti diýilýär) açylyp, ilkinji mejlisi geçirilýär. Şeýle hem mejlise Federal Parlament hem diýilýär. Şol wagt ýurduň belli bir paýtagty ýokdy. Bu barada uzaga çeken gepleşiklerden we maslahatlardan soňra 1913-nji ýylyň 12-nji martynda Awstraliýanyň resmi paýtagty hökmünde Kanberra şäheri ykrar edilýär. 1927-nji ýylda parlament täze paýtagta göçürilýär. Şol ýylyň 9-njy maýynda parlamentiň täze binasynda ilkinji mejlis geçirilýär. 1988-nji ýylda bolsa, parlament şol binanyň garşysynda gurlan täze binasyna göçürilýär.
Awstraliýa hökümetiniň federal derejeli kanun çykaryjy organy bolan parlamenti üç elementden durýar – monarh (general-gubernator wekilçilik edýär), Senat we Wekiller palatasy.