8-nji maýda Bä­her­den et­ra­by­nyň has­sa­ha­na­sy­na Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na sa­tyn al­nan Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň “B.Braun” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iki sa­ny “Dia­log+” ky­sym­ly ge­mo­dia­liz en­ja­my sow­gat be­ril­di.

Ga­ny ekst­ra­kor­po­ral usul­da aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nen bu döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­ja­my do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry has ne­ti­je­li be­jer­mä­ge, şu­nuň esa­syn­da ola­ryň ýa­şaý­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gaz­na­nyň bank ha­sap­la­ry­na ra­ýat­lar­dan hem-de eda­ra gör­nüş­li ta­rap­lar­dan pul se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li ge­lip go­wuş­ýar. Bu se­riş­de­ler ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra tö­leg­li luk­man­çy­lyk, bi­lim hyz­mat­la­ry­ny ber­mä­ge, ola­ryň go­wy dynç al­mak­la­ry üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge, beý­le­ki de­giş­li ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. 2021-nji ýy­lyň tom­sun­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap we şä­her has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri­ne ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze “Tiz kö­mek” aw­tou­lag­la­ry, Ma­ry we­la­ýat ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­na “Savina” ky­sym­ly eme­li dem be­riş en­ja­my sow­gat be­ril­di. Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Ma­ry we­la­ýat Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­ne iki sa­ny “Dia­log+” ky­sym­ly eme­li böw­rek en­ja­my-da sow­gat hök­mün­de gow­şu­ryl­dy.

Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da dür­li ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mek üçin se­riş­de­le­riň bö­lü­nip be­ril­me­gi, be­jer­gi çyk­da­jy­la­ry­nyň tö­le­nil­me­gi, ça­ga­lar öý­le­rin­de, ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler­de we mek­dep-in­ter­nat­lar­da ter­bi­ýe­len­ýän, bi­lim al­ýan ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar üçin de­giş­li luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. Yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň di­ňe bir Türk­me­nis­ta­nyň ça­ga­la­ry­na däl, eý­sem, köp san­ly dost­luk­ly döw­let­le­riň çyl­şy­rym­ly dur­muş ýag­da­ýyn­da ga­lan ça­ga­la­ry­na-da be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.