8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Irden hormatly Prezidentimiz täze, döwrebap önümçiligiň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralýan dabaranyň geçirilýän ýerine geldi.
Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar.
Medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli ulanylmaga berilýär
Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Garaşsyz Watanymyzda medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary ulanmaga bermegiň, täze önümçilikleri işe girizmegiň indi asylly däbe öwrülendigini belledi.
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgany hem dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Şeýle-de, welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýyny sowgat hökmünde gowşurarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ýere ýygnananlary şatlykly wakalar mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda köpugurly gurluşyk önümçilik ulgamy döredildi. Döwrebap kärhanalarda önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasy öndüriler
Ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar. Ine, bu dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap kärhana hem şeýle desgalaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Täze kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Ol dünýäniň ösen döwletleriniň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga, ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.
Kärhana edara binasyndan we 48 sany desgadan ybarat bolup, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösdürmekde, alnyp barylýan gurluşyklary, ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Şeýle hem ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerini ýokary hilli arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ine, şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desga işe girizilýär. Bu desga bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kubmetr agyz suwuny arassalamaga niýetlenendir. Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Biz welaýatlarymyzda täze agyz suw desgalaryny we üpjünçilik ulgamlaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri geljekde-de netijeli dowam etdireris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda nygtady.
Hormatly Prezidentimiz senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, şeýle hem Ahal welaýatynyň ilatyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň dabaraly açylmagy, şeýle hem welaýatyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Halkara güwänama gowşuryldy
Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KHD Humboldt Wedag/ZAB» kompaniýasynyň hyzmatlar gullugynyň müdiri Gennadiý Mahtumowa söz berildi.
Kompaniýanyň wekili Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, ýurduň senagat toplumynyň möhüm bölegine öwrüljek täze kärhananyň gurluşygynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde uly tagallalaryň edilendigini belledi.
Gurluşykda «KHD Humboldt Wedag» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna (DIN), sement senagatynyň standartlaryna, Halkara elektrotehnika komissiýasynyň (IEC) we ISO standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine gowşuryldy.
Dabaraly ýagdaýda toý bagy kesildi
Soňra uly ekranda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry barada ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler jaýyndan çykdy we Ahal welaýatynyň häkimine bu şanly waka mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Soňra hormatly Prezidentimiz zawodyň çägini synlap, bu ýerde ulanmaga berlen desgalaryň işleýiş aýratynlyklary barada maglumatlary diňledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň sergisi bilen hem tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz merkezi dolandyryş binasynyň üçünji gatyndaky toplumyň ähli tehnologik işine gözegçilik edilýän merkezi önümçilik dolandyryş nokadyna bardy.
Hünärmen senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmek meselelerine berýän yzygiderli ünsi, pudagyň zähmetkeşleri barada edýän aladalary üçin sement zawodynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny beýan edip, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegine ak pata bermek baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz düwmäni basyp, nobatdaky iri senagat desgasyny işe girizýär.
Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekiller arkaly görkezilýär. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze kärhanasy tiz wagtda gurluşyk senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan sementiň ilkinji tonnalaryny sarp edijilere ýetirip başlar.
Döwlet Baştutanymyz merkezi dolandyryş binasyndan çykyp, sement zawodynyň direktoryna bu ýerde hatar edilip goýlan, önümçilikde ulanyljak täze, ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasy ulanylmaga berildi
Şol gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kubmetr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Suw Garagum derýasyndan howdana iberilýär we bu ýerde tebigy usulda çökdürilýär. Soňra ýörite gözeneklerden geçirilip, mehaniki esasda süzülýär. Soňra bolsa suw sorujy bekedinden turba geçirijiler arkaly suw arassalaýjy desga iberilip, bu ýerde kaskad howalandyrma desgasy arkaly kislorod bilen baýlaşdyrylýar, demir, marganes ýaly minerallardan arassalanýar. Soňra suw himiki usul bilen arassalanylýar we suw sorujy enjam arkaly çäge hem-de kömür süzgüçlerinde süzülýär. Süzülen we doly arassalanan agyz suwy natriý gipohloridi bilen zyýansyzlandyrylyp, dört sany arassa suw howzuna berilýär. Arassa agyz suwy Ýaşlyk şäherçesine, onuň ýakynyndaky obalara iberilýär. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, suw arassalamagyň dowamynda emele gelen çökündiler ýörite enjamlar, şol sanda guratmak we goýaltmak üçin niýetlenen dekanter enjamy arkaly zyýansyzlandyrylýar.
Şeýlelikde, şu günki wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrülip, Garaşsyz Watanymyzyň döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny tassyklady.