9-njy maýda ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris.
Irden asylly däbe görä, häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.
Her ýylyň 9-njy maýynda dürli ýaşdaky watandaşlarymyz adamzat taryhyndaky iň zalym uruşdan gaýdyp gelmedikleri hatyralamak üçin bu ýadygärlikler toplumyna gelýärler. Beýik Watançylyk urşunda geljek nesilleriň bagtyýarlygy, abadançylygy ugrunda batyrlarça söweşen hem-de 1945-nji ýylda Beýik Ýeňşi dünýä buşlan gahrymanlaryň sany barha azalýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormat garawulynda türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler.
“Baky şöhrat” ýadygärligine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy.
Soňra çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýýarlar.
Uruş ýyllarynda öz janyny pida edip, köp garaşylan Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran gahrymanlarymyza tagzym edýäris. Biziň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşymyz üçin olara baky şöhrat bolsun!
Şu gün Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gül goýmak dabaralary geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.