Dubaýda kenar ýakanyň ugry bilen 72 kilometre uzap gidýän dünýäniň iň uly emeli tokaýy peýda bolar. “Dubai Mangroves” (Dubaýyň mangro tokaýy) atly bu taslama 100 million mangro agajynyň oturdylmagyny nazara almak bilen, deňiz otlarynyň we merjen gaýalarynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam berer. Bu emeli tokaý 10 müň iş ornuny döredip, sebitde ekosyýahatçylygyň ösmegine ýardam eder diýlip garaşylýar.
Adatça, kömürturşy gazyny siňdirmäge ukyplydygy bilen tanalýan mangro tokaýlygy howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşde aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýylda 1,23 million tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirer. Bu bolsa, 260 müň sany benzinli awtoulagyň zyýanly zyňyndysyna barabardyr.
Tokaýyň hal-howasyna gözegçilik etmek üçin emeli aň (AI) tehnologiýalary, emeli hemralar we pilotsyz enjamlar ulanylar. Taslamanyň çäklerinde eko-ýodany, welosiped we ylgaw ýollaryny, kenarýaka dynç alyş zolagyny, seýilgähleri we birnäçe eko-merkezleri döretmek meýilleşdirilýär. Taslama ýerli “Urb” firmasy tarapyndan işlenip düzülýär, onuň durmuşa geçirilip başlanmaly wagty entek habar berilmedi.