Ýaponiýanyň «Toyota» kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde ýeniň hümmetiniň peselmeginiň hem-de gibrid ulaglara islegiň ýokarlanmagynyň täsiri bilen 4,94 trillion ýen (31,9 milliard dollar) arassa peýda gazanandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden iki esse ýokary bolupdyr. Ýapon brendiniň girdejisi bolsa, mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynda geçen ýylyň maliýe ýylyndakydan 21,4 göterim artyp, 45,1 trillion ýene ýetip, taryhyndaky iň ýokary görkeziji hasaba alyndy. Kompaniýanyň global satuwy soňky maliýe ýylynda Demirgazyk Amerikadaky hem-de Ýewropadaky gibrid ulaglara bolan ýokary islegiň netijesinde 10,3 million birlige ýetipdir. Şeýlelikde, kompaniýa bu ugurda öz rekordyny täzeläpdir. Awtoulag öndürijisiniň gibrid ulaglarynyň satuwy 31 göterim artyp, 3,7 milliona ýetipdir.
Şageldi MYRADOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.