Dünýä belli tagam gollanmasy bolan «Tasteatlas» köpçüligiň halaýan 10 kofesiniň sanawyny ýaýratdy. Dünýäde iň köp içilýän gyzgyn we sowuk içimlikleriň biri bolan kofeniň ata Watany Efiopiýa hasaplanýar. Häzirki wagtda kofeniň tagam we taýýarlanyş babatda biri-birinden tapawutlanýan 35-den gowrak görnüşi bar. Köpler kofeni gyzgyn içimlik diýip hasaplaýan bolsa, köpler sowuk kofeni tomus paslynda jana şypa beriji içimlik hökmünde içýärler. Geliň, kofeniň has meşhur görnüşleri bilen tanyş bolalyň!
Kuba espresso, Kuba. «Kafecito» hem diýilýän kuba kofesi espresso maşynynda taýýarlanýar. Ilkibaşda gaýnadylyp, soňra nah matadan süzülip şeker goşulan kuba kofesi häzirki wagtda maşynkada taýýarlanýar. Şeýle hem bu içgä ak şeker däl-de, demerara şekeri (tebigy goňur şeker) goşulýar. Ýeri gelende bellesek, Kubada goňur şeker has ýaýrandyr. «Kafecito» kofesinde açyk goňur köpürjik emele gelýär. Bu kofe adatça günortan içilýär we ýany bilen bir bulgur suw berilýär. Kubano kofesi Kubada we ABŞ-da hormat-sylagyň we medeni işjeňligiň möhüm bir bölegi bolup durýar.
Hindi süzgüçli kofe, Hindistan. Süzgüçden geçirilen hindi kofesini taýýarlamak üçin üwelen kofe, çikori (hindiba oty), süýt we şeker gerek. Ilki üwelen kofe çikori oty bilen bilelikde gaýnadylýar. Soňra üstüne süýt we şeker goşulyp, ýuwaşjadan damýan süzgüçden geçirilýär. Gyzgynjak, köpürjikläp duran süýtli kofä Hindistanda «süzülen kaapi» hem diýilýär.
Freddo espresso, Gresiýa. Kofeniň bu görnüşi gaýnadylyp sowadylan espressony buzuň üstüne guýup, mikserde üwemek arkaly taýýarlanylýar. Freddo kofesi hödür edilende ýany bilen buz bölejikleri hem goýulýar. Sowuk kofe, esasan, tomusda köp içilýär. Käte kofeniň üstüne süýt kremi goşulyp hem taýýarlanýar.
Kapuçino, Italiýa. Italiýanyň Turin şäherine degişli kapuçino kofesi XVIII asyrda Awstriýanyň kofehanalaryndan ylham alnyp taýýarlanypdyr. Italiýada kapuçino diýlen söz ilkinji gezek 1930-njy ýyllarda agzalyp başlanýar. Şol ýyllarda espresso maşynynyň oýlanyp tapylmagy bilen turinliler kofeni demlemegiň täzeçe usulyny tapýarlar. Kapuçino demlemek üçin, ilki çaşka espresso kofesi guýulýar. Soňra üstünden bugly doňdurylan süýt guýlup, onuň üstünden hem süýt köpürjigi goşulýar. Üç bölekden ybarat bu kofe italýanlaryň iň meşhur içimlikleriniň biri hasaplanýar.
Türk kofesi, Türkiýe. Türk kofesiniň artykmaçlygy gowrulan kofe dänesi mis tüňçede suw we şeker bilen pes otda köpürjikleýänçä gaýnadylýar. Şeýlelikde, goýy we ýiti türk kofesi emele gelýär. Kofeni demlemegiň bu usuly beýleki kofe görnüşlerinden düýpgöter tapawutlanýar. Güýçli we ýiti tagamly türk kofesi Türkiýede, arap ýurtlarynda we Gündogar Ýewropada meşhur içimlik hasaplanýar.
Ristretto, Italiýa. Kofeniň bu görnüşi üç-dört owurt mukdarda hödür edilýär. Içi görünýän bulgurda içilýän ristretto kofesine azajyk suw goşulýar. Kofeniň bu görnüşi beýleki görnüşlerden has güýçli hasaplanýar.
Frappe, Gresiýa. Frappe sözi XIX asyrda ýüze çyksa-da, kofeniň bu görnüşi 1957-nji ýylda oýlanyp tapylýar. Tiz taýýarlanýan frappe kofesine suw we buz goşulýar. Çemçe bilen garylyp, bulgurlara guýlanda köpürjikleýän bu kofe süýjüligi babatda üç görnüşde taýýarlanylýar. Frappe kofesi aýna bulgurda hödür edilýär.
Doňdurmaly kofe, Germaniýa. Nemesleriň taýýarlaýan sowuk kofesine sowadylan espresso kofesi we bir çemçe wanil doňdurmasy goşulýar. Kofe mazaly garyşdyrylandan soň, kiçijik çemçe ýa-da turbajyk bilen bilelikde uzyn bulgura salnyp hödür edilýär. Adatça doňdurmaly kofeniň üstüne şekersiz krem hem goşulýar.
Buzly kofe, Wýetnam. Ýerli dilde «Cà phê đá» diýilýän bu kofeni taýýarlamak üçin kondensirlenen süýt we buz goşulýar. Kofe «phin» diýilýän ýönekeý metal süzgüçden geçirilip demlenýär. Soňra sowadylan kofe buzuň üstüne guýulýar we süýt bilen garylýar. Buzly kofe adatça uzyn bulgurda berilýär.