Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görülýär. Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde “2024—2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şol gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär. Bu barada 10-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.