29-njy sentýabrda Türki döwletler guramasynyň (OTG) döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 13-nji sammitine taýýarlyk görmegiň çäginde Daşkent şäherinde «Türki dünýäniň dialogy: umumy geljek, umumy garaýyş» atly panel maslahaty geçirildi.
Türkiýäniň Prezidentiniň administrasiýasynyň Kommunikasiýalar müdürligi tarapyndan guralan bu çärede gatnaşyjylar Guramanyň çägindäki hyzmatdaşlygy has takyk we durnukly ugurlara geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ozal Astanada we Bakuda geçirilen bu çäreleriň üçünjisi bolan Daşkentdäki maslahat 29-30 oktýabrda Ankarada geçiriljek sammitiň öňüsyrasynda guraldy.
Maslahat Özbegistanyň Oliy Majlisiniň senatynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň rektory Sadyk Safaýewiň hem-de Türkiýäniň Daşkentdäki ilçisi Ufuk Ulutaşyň giriş sözleri bilen başlandy. Kommunikasiýalar müdirliginiň baştutany Burhanettin Duran wideoýüzlenme arkaly çykyş edip, Türki dünýäniň ulag, energetika, söwda we sanly ykdysadyýet ugurlarynda ösdürýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhümdigini belledi.
PDF








