Marokkanyň Patyşasy Muhammed VI “Pähimlilik we döwrebaplyk partiýasynyň” (PAM) utgaşdyryjysy Fatima Zahra al-Mansurä täze hökümeti düzmegi tabşyrdy. Şeýlelik bilen, ol ýurduň taryhynda hökümet düzmek tabşyrylan ilkinji zenan boldy.
Marokanyň Patyşalyk köşgüniň Protokol we hormatly nyşanlar ministrliginiň ýaýradan beýanatyna görä, Patyşa Muhammed VI paýtagt Rabat şäherindäki köşgünde Fatima Zahra al-Mansurini kabul etdi. Duşuşykda oňa täze hökümeti düzmek tabşyryldy. Marokkanyň Konstitutsiýasynyň 47-nji maddasyna laýyklykda, Patyşa Wekiller palatasyna geçirilen saýlawlarda iň köp ses alan syýasy partiýanyň liderine hökümeti düzmegi tabşyrýar.
Ministrligiň beren maglumatyna görä, 395 orunlyk Wekiller palatasyna geçirilen saýlawlarda 97 orny eýelän PAM partiýasy birinji orny eýeledi. Ýurduň kanunçylygyna görä, hökümet düzmek üçin Wekiller palatasynda, azyndan, 198 orundan ybarat köplügi gazanmaly bolýandygy sebäpli, saýlawlaryň netijeleri yglan edilenden soň hökümet köplügini emele getirmek üçin syýasy partiýalaryň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Saýlawlarda Garaşsyzlaryň milli birleşigi (RNI) 66 orun bilen ikinji, Garaşsyzlyk partiýasy 65 orun bilen üçünji, Adalat we ösüş partiýasy bolsa 54 orun bilen dördünji orny eýeledi.
PDF








