Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 12-13-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraljak halkara ylmy maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Hususan-da, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada 10-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.