Günorta Amerikanyň çempionaty bolan Kopa Amerikada çykyş etjek Braziliýanyň ýygyndysynyň düzümi mälim edildi. Ýurduň futbol federasiýasynyň internet saýty arkaly mälim edilen 23 futbolçynyň sanawynda oýunçylaryň agramly bölegi Ýewropanyň klublarynda çykyş edýän futbolçylardyr. Ýurduň öz çempionatyna wekilçilik edýän klublardanam 3 oýunçy düzüme çagyryldy. Tälimçi Doriwal Junioryň yglan eden sanawyna Renan Lodi, Žoelinton, Rişarlison, Kazemiro, Gabriel Žesus, Antoni ýaly oýunçylar çagyrylmady. Neýmar bolsa şikesi sebäpli toparda bolmaz.

Düzüme çagyrylan ýarymgoragçylaryň ählisiniň hem Premier Liganyň klublarynda çykyş edýän oýunçylar bolmagy aýratyn bellärliklidir.

ABŞ-da geçiriljek 48-nji Kopa Amerika ýaryşy 20-nji iýunda başlap, 21-nji iýulda tamamlanar we oňa 16 ýygyndy gatnaşar. Braziliýanyň ýygyndysy çempionatda D toparçada Kolumbiýanyň, Paragwaýyň hem-de Kosta Rikanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

 

DERWEZEÇILER: Alisson (Liwerpul), Ederson (Man. Siti), Bento (Atletiko Paranaense)

GAPDAL GORAGÇYLAR: Danilo (Ýuwentus), Ýan Kouto (Žirona), Gilerme Arana (Atletiko Mineiro), Wendell (Porto)

MERKEZI GORAGÇYLAR: Beraldo(PSŽ), Eder Militao (Real Madrid), Gabriel Magales (Arsenal), Markinios (PSŽ)

ÝARYMGORAGÇYLAR: Andreas Pereira (Fulham), Žoao Gomes (Wulwerhempton), Bruno Gimaraes (Nýukasl, Duglas Luiz (Aston Willa), Lukas Paketa (West Ham)

HÜJÜMÇILER: Endrik (Palmeiras), Ewanilson (Porto), Rodrigo (Real Madrid), Gabriel Martinelli (Arsenal), Rafinýa (Barselona), Sawinio (Žirona), Winisius Junior (Real Madrid)