Türk­men top­ra­gy – rys­gal­ly, döw­let­li top­rak. Ba­ba­daý­han­la­ry­myz ak bug­da­ýyň ga­dy­my me­ka­ny ha­sap­la­nyl­ýan türk­men top­ra­gyn­dan pag­ta­nyň, guş­gur­sak bug­da­ýyň, şa­ly­nyň, bak­ja hem gök önüm­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­ýär­ler. Şu ýyl ýur­du­myz­da azyk­lyk dä­nä­niň be­re­ket­li ha­sy­ly ýe­tiş­di­ril­di. Şanly Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­my­zyň uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň pag­ta­çy­la­ryn­dan buş­luk ha­ba­ry ge­lip go­wuş­dy. Eder­men daý­han­la­ry­my­zyň baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da güýz­lük bug­daý eki­şi­ni ta­mam­lan­dyk­la­ry we 1 mil­li­on 50 müň ton­na­dan gow­rak pag­ta ha­sy­ly­ny ýyg­nap, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri äh­li hal­ky­my­zy be­gen­dir­di. Hä­zir pag­ta ýy­gym möw­sü­mi do­wam ed­ýär, pag­ta­çy­lar ýe­tiş­di­ri­len “ak al­ty­nyň” be­re­ket­li ha­sy­ly­ny soň­ky üb­tü­gi­ne çen­li yr­ýa et­män ýyg­nap al­ýar­lar.
Şu ýy­lyň pag­ta ýy­gym möw­sü­mi­niň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da pag­ta­nyň 1 mil­li­on 50 müň ton­na­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pag­ta ha­sy­ly­ny ön­dür­me­giň we gaý­ta­dan iş­le­mek­li­giň mil­li oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­ýar. Pag­ta Türk­me­nis­ta­nyň eks­port sa­na­wyn­da my­na­syp orun eýe­läp, ýur­du­my­zyň bar­ha ös­ýän mil­li dok­ma se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry üçin esa­sy çig mal bo­lup dur­ýar. Bu kär­ha­na­lar­da ýur­du­my­zyň, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­la­ryň ba­zar­la­ryn­da uly is­le­ge eýe bo­lan, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän önüm­ler ön­dü­ril­ýär. “Ak al­tyn” ha­sy­ly­nyň möç­be­ri­ni has-da art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýo­ka­ry hil­li to­hum taý­ýar­la­ma­ga uly üns gö­nük­di­ril­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, se­bit­ler­de gur­lan pag­ta aras­sa­laý­jy za­wod­lar hem bu dü­züm­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­di. Bu önüm­çi­lik dü­züm­le­rin­de ýo­ka­ry gö­ge­ri­şi ke­pil­len­dir­jek to­hum­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Şeý­le to­hum­la­ryň ula­nyl­ma­gy go­wa­ça­ny ýe­ke­le­mek ýa­ly hy­syr­dy­ly we zäh­me­ti köp ta­lap ed­ýän işi ýe­ri­ne ýe­tir­mek ze­rur­ly­gy­ny ara­dan aýyr­ýar. Ýö­ri­te usul bi­len taý­ýar­la­nyl­ýan to­hum­lyk çi­gi­di adat­ça harç­lan­ýan çyk­da­jy­ny 4 es­sä go­laý azalt­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Be­re­ket­li top­ra­gy­my­zyň hüm­me­ti­ni art­dyr­mak, ila­ty özü­miz­de ön­dü­ril­ýän, ýo­ka­ry hil­li, el­ýe­ter ba­ha­ly azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm wezipeler­ri­niň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ba­bat­da öň­de go­ýan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek işi­ne eder­men ba­ba­daý­han­la­ry­myz hem ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ge­çen ýyl­lar­da gök, bak­ja ekin­le­ri­niň, mi­we­li bag­la­ryň, üzüm­le­riň meý­da­ny ep-es­li gi­ňel­dil­di. Daý­han­lar ekiş üçin ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, ekin­le­ri be­jer­mek üçin teh­ni­ka­lar bi­len hem bök­denç­siz üp­jün edil­ýär. Önüm ön­dü­ri­li­şi­niň düýp­li art­dy­ryl­ma­gy ola­ry ýer­leş­dir­mek, gyş üçin sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­me­gi hem ta­lap ed­ýär. To­mus­da we güýz­de taý­ýar­la­nan önüm­le­riň bel­li bir bö­le­gi­ni sak­la­mak üçin we­la­ýat­lar­da so­wa­dy­jy am­mar­lar gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di.
Ýur­du­myz­da daý­han bir­le­şik­le­ri­niň eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri giň­den çek­mek, döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän bug­da­ýy we go­wa­ça ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin daý­han­la­ra amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek, yl­my esas­da ekin do­la­ny­şy­gy­ny ge­çir­mek, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni we tä­ze usul­la­ry­ny önüm­çi­li­ge giň­den or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ýa­kyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­tyn­da öňe sür­len tek­lip­le­re la­ýyk­lyk­da, “Ýer ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň bi­te­wi Ka­nu­ny­na üýt­get­me­le­r we goş­ma­ça­la­r gi­riz­mek ha­kyn­da” Ka­nun ka­bul edil­di. Bu Ka­nun­da daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň su­wa­rym­ly ýer­le­rin­den oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni alyp bar­mak üçin ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­nyň dö­re­di­lip bi­lin­ýän­di­gi bel­len­ýär. Ka­nun­da şol ýer bö­lek­le­ri­ni ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­na we ýu­ri­dik şahs­la­ra 99 ýy­la çen­li möh­le­te peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da­ky ka­da­lar göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem, Ka­nun­da kä­ren­de ýer­le­rin­den 5 ýy­lyň do­wa­myn­da döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän ekin­ler­den borç­na­ma­la­ýyn tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren kä­ren­de­çi­le­re öz is­le­gi­ne gö­rä ýer bö­lek­le­rin­de oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni ýö­ret­me­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ni (daý­han ho­ja­ly­gy­ny, oba ho­ja­lyk kär­ha­na­sy­ny, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni, kä­ren­de­çi­ler bir­leş­me­si­ni) dö­ret­mek bi­len peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da­ky ka­da­lar bel­le­nil­ýär.
Oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy oba ho­ja­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz eke­ran­çy­la­ryň zäh­met we dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry we en­jam­la­ry sa­tyn al­mak, daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li to­hum bi­len üp­jün et­mek, önüm­çi­li­ge yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Se­bit­ler­de tä­ze amat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, döw­re­bap de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, luk­man­çy­lyk we me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri, sport des­ga­la­ry, nus­ga­lyk de­re­je­dä­ki döw­re­bap şä­her­çe­ler gu­rul­ýar. Oba ila­ty­nyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi, ola­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti üçin oňaý­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ha­kyn­da­ky ala­da­lar “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen ýörelgämizde aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Her ýylda bolşy ýaly, ertir uly dabaralar bilen tutuljak Hasyl toýy hem edermen daýhanlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrar. Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, ýer­li dok­ma kär­ha­na­la­ry pag­ta­nyň, ýü­pe­giň, ýü­ňüň çig ma­ly bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­si­ne ab­raý bi­len höt­de gel­ýän oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri önüm­le­ri eks­port et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne hem eýe bol­ma­gy ba­şar­dy­lar. Goý, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Leý­la ER­GE­ŞO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.