8-nji maýda Demirgazyk Makedoniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanan Gordana Silýanowska Dawkowa wezipesine girişdi. Şeýlelikde ýurduň ilkinji zenan döwlet ýolbaşçysy bolan Dawkowa milli parlamentde kasam kabul etdi. Kasam kabul edişlik dabarasyna kazyýet we ýerine ýetiriji organlarynyň ýokary derejeli wekilleri, dini liderler we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu ýerde eden çykyşynda Dawkowa Prezident wezipesini jogapkärçilikli ýerine ýetirjekdigini, Konstitusiýa we kanunlara hormat goýjakdygyny, ýurduň çäk bitewiligini we garaşsyzlygyny gorajakdygyny aýtdy.
Kasam kabul edişlik dabarasyndan soňra Dawkowa wezipesini ozalky prezident Stewo Pendarowskiden kabul edip aldy.
8-nji maýda geçirilen saýlawda Dawkowa şol wagtky prezident Stewo Pendarowskiý bilen bäsleşip, 64 göterimden gowrak, Pendarowskiý bolsa 29 göterimden gowrak ses alypdy.
Uzak ýyllaryň dowamynda Makedoniýa diýlen ýurduň ady 2018-nji ýylda Gresiýada hem şeýle atly sebitiň bardygy sebäpli bu ýurt bilen gol çekilen ylalaşyk esasynda resmi ýagdaýda Demirgazyk Makedoniýa diýlip atlandyrylypdy.