Britaniýaly alpinisti Kenton Kul 12-nji maýda irden Nepal tarapdan Jomolungma dagyna 18-nji gezek çykdy we dünýäniň iň beýik dag depesini birnäçe gezek çykan ilkinji daşary ýurtly boldy. Kenton Kul 8848,86 metr belentlikdäki dagyň iň ýokary derejesine ýetdi, onuň nepally ýolbeledi Dorji Gýalžen hem öz gezeginde 22-nji gezek dagyň çür depesine çykdy.
-Kenton Kul şahsy rekordy täzeledi we Jomolungmanyň depesine 18-nji gezek çykan ilkinji daşary ýurtly boldy – diýip, Nepalyň Syýahatçylyk departamentiniň müdiri Rakeş Gurung aýtdy.
-Ýekşenbe güni irden, nepal ýolbeletlerini goşmak bilen 70 alpinist, Nepal tarapyndan Jomolungma dagyna çykdy – diýip ol belledi.
10-njy maýda Nepal hökümeti 414 alpinistiň ýaz möwsüminde Jomolangma çykmaga rugsat berdi. Şol gün alpinizm boýunça tejribeli nepally ýolbelet Rami Rita Şerpa hem 29-njy gezek daga çykyp, täze dünýä rekordyny goýdy.