11-nji maýda Daşoguz welaýat kitaphanasy amerikan-türkmen kitap ýarmarkasyna gelenler bilen doldy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Hökümeti we Daşoguzyň Amerikan burçy bilen bilelikde guralan bu çäre edebiýatyň birleşdiriji wezipesine ünsi çekdi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçdi.
Ilçi Klimow Daşoguz welaýat kitaphanasynyň müdiri bilen bilelikde çäräni açmak üçin Daşoguza geldi. “ABŞ-nyň Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän wagtynda bu kitap ýarmarkasyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekden hoşallyk duýýar” diýip, ol sözüniň üstüni şeýle ýetirdi:”Gowy kitap – bu ýoldaş, biziň dostumyz bolýar.” Şeýle hem Ilçi Klimow ABŞ-nyň ilçihanasynyň adyndan kitaphana minnetdarlyk nyşany hökmünde iňlis dilini öwrenmek boýunça okuw materiallarynyň ýygyndysyny gowşurdy.
Ýarmarkada ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan türkmen diline terjime edilen amerikan edebiýatynyň birnäçe nusgawy eserleri hem görkezildi. Häzirki wagta çenli ABŞ-nyň Ilçihanasy amerikan edebiýatyndan 14 sany nusgawy eseriň iňlis-türkmen iki dilli görnüşlerini çap etdi. Bu bolsa şol eserleri türkmen okyjylary üçin has elýeterli edýär. Dowam edýän başga bir kitap hyzmatdaşlygynyň çäginde, “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) maksatnamasy häzirki wagtda Magtymgulynyň döwründen birnäçe golýazmany dikeltmek üçin iş alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň hemmesi, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam etdirýän edebiýatda, arheologiýada, aýdym-sazda we beýleki ugurlarda işjeň alyş-çalyşyň üstüni ýetirýär.