Angliýanyň “Premier Ligasynda” 34-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “Mançester Siti” myhmançylykda “Tottenham” bilen duşuşdy. Soňky 4 duşuşygynda Londonda gol hem geçirip bilmedik “Mançester Siti” bu gezek taryhyndaky iň esasy ýeňişleriň birini gazandy. Erling Holannyň 52-nji we penaltiden 90+1-nji minutlardaky gollary esasynda 2-0 ýeňiş gazanan “Mançester Siti” möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, “Arsenaldan” öňe geçdi. Duşuşygyň 86-njy minutynda londonlylaryň koreýaly ýyldyzy Hin Min Sonuň geçirip bilmedik goly möwsümiň iň aýgytlaýjy pursatlarynyň biri hökmünde taryha girer.

Şeýlelikde, “Mançester Sitiniň” 88, “Arsenalyň” 86 utugy bar. “Mançester Sitiniň” yzly-yzyna 4-nji çempionlygyna bir ädim, has takygy bir ýeňiş galyp, Angliýanyň ýokary ligasynyň 135 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek bir klub bassyr 4-nji sapar çempionlyk gazanyp biler. Elbetde, ýekşenbe gününde öz meýdançasynda “West Hamy” ýeňen ýagdaýynda. Şol bir wagtda başlanjak “Arsenal” – “Ewerton” duşuşygynda-da topçular ýeňiş gazanyp, garşydaşynyň utuk ýitirmegini tama etmeli bolar. Başgaça aýdylanda, dogry futbolda mümkin däl zat ýok, ýöne “Mançester Sitiniň” hem bu elindäki çempionlygyny bererine hem garaşylanok. “Arsenal” bassyr 2-nji möwsümde agza-burna gelen çempionlygy ýitirmegiň bosagasynda dur.